Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýyladyşhana hojalyklary: obada telekeçileriň täze işewürlik taslamalary
Jemgyýet
Ýyladyşhana hojalyklary: obada telekeçileriň täze işewürlik taslamalary
Çap edildi 13.12.2016
2198

9-njy dekabrda şu ýylyň 11 aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işiniň jemlerine bagyşlanan hökümetiň giňişleýin mejlisinde obasenagat toplumynda geçirilýän özgertmelere aýratyn üns berildi, mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýyladyşhanalaryň hem-de oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça kärhanalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmagy talap etdi. Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda “Agzybirlik” we “Zemin açary” hususy kärhanalary özlerine bölünip berlen meýdanda ýyladyşhanalaryň gurluşygyny alyp barýarlar. Olar gurlanda şunuň ýaly maksatly desgalar üçin niýetlenilen iň häzirkizaman serişdeler, şol sanda gün şöhlesini özüne çekýän hem-de saklaýan ýörite örtükler peýdalanylýar. Ýyladyşhanalar şeýle hem özbaşdak ýyladyş we suw üpjünçilik ulgamlary bilen üpjün edilýär, olar ýyladyşhanalaryň bökdençsiz işledilmegine mümkinçilik berer. Häzirki wagtda “Zemin açary” hususy kärhanasynyň hünärmenleri gurnama işlerini alyp barsalar, “Agzybirlik” hususy kärhanasynyň işgärleri bolsa gurluşyk üçin bölünip berlen bäş gektar meýdanyň eýýäm bir gektaryndan gowrak ýerini özleşdirdiler, bu ýerde ekmek üçin toprak hem-de pomidoryň tohumlary taýýarlanyldy. Ekologiýa taýdan arassa önümleriň önümçiligini giňeltmek, ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň saçagyny hatda gyş paslynda hem ýokumly witaminlere baý ter önümler bilen üpjün etmek – ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ýyladyşhana hojalyklarynyň öňünde durýan baş wezipe şeýledir. Döwlet Baştutanymyz bu ugruň ösdürilmegini yzygiderli goldamak bilen, obahojalyk pudagynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberlerini düýpli artdyrmak üçin degerli şertleri döredýär, ekerançylyga öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar, obadaky kömekçi hojalyklara goldaw berilýär, şeýle hem ýakyn geljekde gök önümleriň goňşy ýurtlara iberilmegi baradaky wezipe öňde goýulýar. Şäherleriň we obalaryň ilatyny tutuş ýylyň dowamynda ter gök önümler bilen üpjün etmäge ukyply ýyladyşhanalaryň gurluşygy ýurdumyzyň ähli sebitlerinde alnyp barylýar. Olary ýerli telekeçiler gurýarlar, şeýle işewürlik taslamalaryň ykdysady bähbitliligi: girdejililigi, özüni tiz ödemegi we düşewüntliligi telekeçilerde uly gyzyklanma döredýär. Bölek-satuw ulgamynyň we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň hem ter we ýokary hilli gök önümlere bolan islegi ýokarydyr. Ýylyň dowamynda hasyl berýän ýyladyşhana hojalyklary ýylyň paslyna garamazdan, hemişe oňat girdeji almaga mümkinçilik berýär.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow