Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň ýurtlaryny medeniýet ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy
Medeniýet
Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň ýurtlaryny medeniýet ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy
Çap edildi 03.11.2023
3117

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG)10-njy Sammitindäki çykyşynda TDG-niň ýurtlaryny medeniýet ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy.

«Taryhy, medeniýeti, dili we däp-dessurlary birmeňzeş bolan türki döwletleriň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň köpugurly hyzmatdaşlygymyzyň gün tertibinde möhüm orun eýeleýändigini bellemek isleýärin» diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň aýdyşy ýaly, bu ulgamda amala aşyrylýan özara ysnyşykly hereketler dost-doganlygyň, birek-birege hormat goýmagyň, özara ynanyşmagyň we goldaw bermegiň esasynda ulgamlaýyn ösdürilýär.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn medeni çäreleri ýygy-ýygydan geçirmegi, hususan-da, Türki döwletleriň bilelikdäki Medeniýet gününi guramagy teklip etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türki halklaryň medeniýeti we sungaty boýunça halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-yň çäklerinde gatnaşyklaryň ýokary derejede dowam edýändigini hem-de TÜRKSOÝ guramasynyň medeni-ynsanperwer ugurda möhüm işleri alyp barýandygyny nygtamak bilen, onuň çäklerinde bilelikde geçirilýän çäreleriň giňeldilmegini maksadalaýyk hasaplaýandygyny aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy 2024-nji ýylda bellenjek meşhur türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi hem-de Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara derejesinde birnäçe çäreleri geçirmegi meýilleşdirýändigini nygtady.

«Mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi öňümizdäki ýyl ýurdumyzda geçiriljek dabaralara gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýaryn» diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Sammite gatnaşyjylara ýüzlendi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we beýleki ugurlarda amala aşyrylýan işleri has-da berkitmegi maksadalaýyk hasaplaýandygyny aýtdy. Hususan-da, Gahryman Arkadagymyz ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, öňdebaryjy ylym merkezleriniň arasyndaky gatnaşyklary depginli ösdürmegi teklip etdi.

Soňky habarlar
03.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
03.06
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
02.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.06
“Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy” tassyklanyldy
02.06
“Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama” tassyklanyldy
02.06
Ykdysady we ruhy galkynyşyň belent sepgitlerine tarap
02.06
Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler gowşuryldy
02.06
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
02.06
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow