Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Halkara Bitaraplyk güni we Watanymyzyň Bitaraplyk baýramy mynasybetli döredijilik çäresi
Medeniýet
Halkara Bitaraplyk güni we Watanymyzyň Bitaraplyk baýramy mynasybetli döredijilik çäresi
Çap edildi 12.12.2023
2818

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Sebitde hem-de dünýäde, ýurtlaryň, halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda, parahatçylyk medeniýetiniň möhüm şerti hökmünde döwletimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nyşany bolan bu dabara döwlet hem-de halkara derejede aýratyn ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şanly baýram mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan mundan 28 ýyl ozal taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, eziz Watanymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Şeýle belent hukuk ýagdaýyna eýe bolan Garaşsyz döwletimiz ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi gazanmak ugrunda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýan öňdengörüjilikli, maksada okgunly daşary syýasaty alyp barýar. Şeýle hem Gutlagda Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň maksadynyň halkara hukugyň kadalaryna hem-de borçnamalaryna pugta eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini asuda, abadan durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirmekden ybaratdygy nygtalýar. Şoňa görä-de, ähli döwletler we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda ekologik howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça öňe sürýän teklipleri dünýäde giň goldaw tapýar. BMG-niň Aşgabatdaky Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işi hem halkara bileleşigiň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzy ykrar edýändiginiň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistan adamzat üçin netijeli medeni alyşmalaryň we dialogyň oňyn nusgasy bolan Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine möhüm ähmiýet berýär. Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesi bolsa ýurtlaryňdyr halklaryň ýakynlaşmagynyň esasy şerti bolup çykyş edýän ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin amatly ýagdaýy döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz özüniň baý taryhy mirasyna we milli ýörelgelerine daýanmak bilen, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, bütin adamzat üçin parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýadyny berkitmäge mynasyp goşant goşýar.

Medeni diplomatiýa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oňyn Bitaraplyk syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň, belent maksatlaryň we ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanmasyny alamatlandyrýan Halkara Bitaraplyk güni Zeminiň nurana geljeginiň bähbidine halklary jebisleşdirýär. Hut şeýle ýörelgeler şu günki baýramçylyk dabarasyndaky ajaýyp çykyşlarda döredijilikli beýan edildi.

Baýramçylyk çäresine Hökümet agzalary, Mejlisiň we Halk Maslahatynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, döredijilik işgärleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Tomaşaçylaryň arasynda köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda paýtagtymyzda şanly baýramyň öňüsyrasynda geçirilen iri halkara forumlara gatnaşyjylar hem bar. Olaryň bu çärelere gatnaşmaklary Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, häzirki nesilleriň pederlerimiziň ýörelgelerine, hoşniýetli goňşuçylyga, halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.

Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti «Bitarapdyr, parahatdyr illerim!» atly watançylyk mazmunly aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy. «Dokmaçylar» folklor toparynyň ýerine ýetiren bu çykyşy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan parahatçylyk dörediji döwletimiziň häzirki döwrüne buýsanjy artdyrdy. Konserte gatnaşyjylar «Dünýä dursun parahat!» aýdymyny uly ruhubelentlik bilen garşylap, ony bilelikde ýerine ýetirdiler.

Konsert Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň geljegi bolan ýaşajyk türkmenistanlylaryň çykyşy bilen dowam etdi. Olar öz ajaýyp çykyşlary bilen baýramçylyk dabarasyny bezediler. «Mukam» çagalar skripkaçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde «Dost-doganlyk sazlary» ady bilen dürli ýurtlaryň nusgawy sazlarynyň utgaşykly owazy ýaňlandy. Aýdym-sazly dabaranyň maksatnamasy ýurdumyzda giňden tanalýan artistleriň, ýaş aýdymçylaryň çykyşlaryny öz içine aldy. Olaryň ýerine ýetiren çykyşlary dabara gatnaşyjylary dünýäniň yklymlaryna we ýurtlaryna özboluşly syýahata atardy. Gyrgyz, gazak, täjik, özbek, azerbaýjan, nemes, ýapon, fransuz, hindi, koreý, hytaý, iňlis, italýan, rus, ispan, türk we arap dillerinde söýgi, dostluk, dünýämiziň gözelligi barada halk hem-de häzirki zaman aýdymlaryny ýerine ýetiren aýdymçylaryň çykyşlary baýramçylygyň aýdym-sazly gutlagnamasyna öwrüldi. Kompozisiýalar dünýä ýurtlarynyň ajaýyp tebigatyny, baý däp-dessurlaryny görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdy.

Halk artistleriniň ýerine ýetirmegindäki “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly çykyş konsertiň özboluşly bezegine öwrüldi. Onda biri-biriniň üstüni ýetirýän we milli äheňler bilen tapawutlanýan dürli sazlar ýaňlandy. «Meňli», «Näzli», «Aşgabat», «Galkynyş» tans toparlary “Tanslar çemeni” atly çykyşy bilen baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy. Folklor toparlarynyň birleşen ansambly milli lybaslarda belarus, gruzin, ermeni, tatar tanslaryny ýokary derejede ýerine ýetirdiler. Belent ruha we joşguna beslenen bu ajaýyp çykyşlar sungatyň birleşdiriji güýje eýedigini görkezdi. Ussat artistleriň çykyşlarynda şöhratly pederlerimiziň arzuw eden zamanasy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýar durmuşy wasp edildi. Ýaňlanan aýdym-sazlar ajaýyp tanslar bilen utgaşyp, ýerine ýetirijileriň zehinine goýlan uly hormatyň nyşany hökmünde şowhunly el çarpyşmalara beslendi.

«Serpaý» folklor tans toparynyň çykyşy bilen utgaşan «Ýar-ýar» atly halk aýdymy dabara aýratyn öwüşgin berdi. Ýerine ýetirilen ähli çykyşlar şowhunlylygy, özboluşlylygy, beýan edijilik aýratynlyklary bilen tapawutlandy. Munuň şeýle bolmagynda baýramçylyk sahnasynda häzirki zaman tehniki mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagynyň hem uly ähmiýeti bardyr. Halk artistleriniň, «Meňli» we «Aşgabat» tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde paýtagtymyza bagyşlanyp döredilen «Aşgabat» atly aýdym-sazly, tansly kompozisiýa-da baýramçylyk şatlygyny belende göterdi. «Miras» folklor tans toparynyň ýerine ýetiren “Küştdepdi” tansy tomaşaçylaryň göwnüni joşdurdy. Ony ýerine ýetirijiler asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan belent heňli horeografik mukamyň üsti bilen milli däp-dessurlaryň many-mazmunyny açyp görkezýärler. Şonuň üçin-de tansyň depgini ýokarlandygysaýy, tansçylar öz çalasyn hereketleri bilen geçmişiň, häzirki döwrüň hem-de nesilleriň arasyndaky aýrylmaz arabaglanyşyk duýgusyny döredýärler. Şoňa görä-de, “Küştdepdi” aýdym we tans dessurynyň gadymylygy göz öňünde tutulyp, ol 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Parahatçylygyň, dostlugyň we döredijiligiň ýurduna — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana bagyşlanan «Gülle sen, Bitarap Türkmenistanym!» atly aýdym baýramçylyk konsertiniň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Bu aýdymda aýdymçylar, konserte gatnaşyjylaryň hemmesi ähli ildeşlerimiziň adyndan mähriban halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi ugrundaky tagallalary üçin döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
28.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
27.04
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň atçylyk firmasynyň ýolbaşçysy hem-de “Arkadag” futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy
26.04
Türkmenistanda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
top-arrow