Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» estrada bäsleşiginiň jemi jemlendi
Medeniýet
Ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» estrada bäsleşiginiň jemi jemlendi
Çap edildi 15.12.2023
3202

Şu gün Arkadag şäheriniň söwda toplumynda, asylly däbe görä, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn döwlet syýasatynyň netijesinde, Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Her ýylda amala aşyrylýan özboluşly taslamalar ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, şonuň bilen halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlyklarynyň, baý aýdym-saz medeniýetiniň üstüni ýetirmäge ýardam edýär. Munuň üçin ähli zerur şertler döredilýär, ýurdumyzyň iň çetki künjeklerinde-de medeniýet merkezleri, konsert meýdançalary gurlup ulanmaga berilýär we olarda aýdym-saz bäsleşigine gatnaşyjylaryň çykyşlary guralýar.

Türkmenistanda ýaş estradaçylaryň arasynda geçirilýän dürli çäreler, şol sanda «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi olaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmäge, täze zehinleri ýüze çykarmaga, ýerine ýetirijileriň hünär taýdan kämilleşmegine, ýurdumyzyň häzirki zaman aýdym-saz medeniýetiniň ösdürilmegine goldaw bermäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň kuwwaty hem-de bagtyýar geljegi bolan ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas, beden taýdan sazlaşykly ösüşine möhüm ähmiýet berýär.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralan bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden tomaşaçylar köpçüliginiň öňünde öz ussatlyklaryny görkezmek isleýän 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaş estrada aýdymçylary gatnaşdylar. Welaýatlar derejesinde birnäçe tapgyrda geçirilen döredijilik çäresiniň jemleýjisine deslapky tapgyryň dowamynda teletomaşaçylardan hem-de radiodiňleýjilerden köp ses alan ýaş zehinler gatnaşdylar. Abraýly emin agzalary dalaşgärleriň içinden has ökde, wokal we ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen tapawutlanan, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan hem-de has köp ses alan ýaşlary seçip aldylar. Olaryň köpüsiniň ýurdumyzda geçirilýän dürli festiwallarda çykyş etmekde-de tejribeleri bar.

Bäsleşigiň Baş baýragynyň eýesini kesgitlemek tapgyry gelip ýetdi. Bu işe aýdym-saz sungatynda meşhurlyk gazanan sungat ussatlary hem gatnaşdylar. Şeýlelikde, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna badalga berildi. Onuň netijeleri gönüden-göni tomaşaçylaryň çözgüdine bagly bolup durýar. Jemleýji tapgyra çykan aýdymçylaryň arasynda tomaşaçylar köpçüligine tanyş aýdym-saz toparlarynyň aýdymçylary we ýokary okuw mekdepleriniň çeperçilik gurnaklaryna gatnaşyjylar, oba ýerlerinden gelen, uly sahnada ilkinji gezek çykyş edýän zehinli aýdymçylar hem bar. Iň ökde, zehinli ýerine ýetirijiler indiki tapgyra çykmak we «Türkmen owazy» teleýaýlymynda çykyş etmek mümkinçiligine eýe boldular.

Eminler hökmünde teletomaşaçylardyr radiodiňleýjiler çykyş etdiler. Olar ýaş ýerine ýetirijileriň zehinine, ussatlygyna baha berdiler, şeýle hem ol ýa-da beýleki aýdymça SMS we jaň etmek arkaly ses berdiler. Bu çäräniň dowamlylygy, oňa giň köpçüligiň çekilmegi bäsleşigiň jemleýji tapgyryna aýdym-saz sungatynyň iň ökde wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etdi. Şolaryň arasyndan jemleýji tapgyrda çykyş etmek üçin iň gowy 10 aýdymçy saýlanyp alyndy. Emin agzalarynyň düzümindäki türkmen aýdym-saz sungatynyň meşhur sahna ussatlary, geçen ýyllardaky bäsleşikleriň ýeňijileri, medeniýet işgärleri, teatr artistleri, kompozitorlar, şahyrlar, köp sanly ýaşlar jemleýji konserte tomaşa etmek we ýaş kärdeşleriniň çykyşlaryna baha bermek, bar bolan seslere öz sesini goşmak üçin ýygnandylar.

Bäsleşige gatnaşyjylar geljekde döredijilik ýolunda uly ähmiýete eýe boljak aýgytlaýjy pursadyň ähli jogapkärçiligini duýup, özlerini goldan tomaşaçylaryň ynamyny ödemek üçin baýramçylyk äheňinde bezelen sahnada ukyplaryny, zehinini görkezdiler. «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň şertlerine görä, oňa gatnaşyjylar iki aýdymy ýerine ýetirdiler. Olaryň biri sazsyz bolup, aýdymçylar onda öz sesiniň arassalygyny, owazyny görkezdiler. Munuň özi olaryň şahsy artistlik ukybyny, tomaşaçylaryň göwnünden turmak başarnygyny ýüze çykarmaga ýardam berýär. Şunda aýdym-saz muşdaklarynyň el çarpyşmalary we diňleýjileriň hoşniýetli goldawy sazyň ornuny tutdy. Şeýle-de bäsleşigiň dowamynda häzirki zaman estrada we halk aýdymlary, söýgi, watançylyk temasyndaky aýdymlar ýerine ýetirildi.

Aýdym-saz bäsleşigi birnäçe sagat dowam etdi. Jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň çykyşlary tomaşaçylaryň el çarpyşmalary bilen garşylanyldy. Her bir aýdymçynyň çykyşyndan soňra, meşhur artistler öz pikirlerini beýan etdiler hem-de ýaş kärdeşlerine halypalyk maslahatlaryny berdiler. Şunuň bilen birlikde, ses berişlik hem dowam etdi. Tomaşaçylaryň SMS arkaly iberen sesleri sanaldy. Soňra dabarany alyp baryjylar bäsleşigiň jemlerini yglan etdiler we baýrak gowşurmak dabarasy boldy.

Ýaş aýdymçy Bahar Annaýewa döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi we «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna mynasyp boldy. Ýeňijä göçme kubok hem-de gymmat bahaly sowgat gowşuryldy.

Baş baýrakdan başga-da, birinji, ikinji we üçünji orunlar üçin baýraklar göz öňünde tutuldy. Baýrakly orunlara mynasyp bolanlara degişli diplomlar, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Türkmen aýdym-saz sungatynyň sahna ussatlary ýaş artistlere döredijilik ösüşini, täze gözlegleri we üstünlikleri arzuw etdiler. Çykyş edenler bu günki gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi netijesinde, ýurdumyzda kämilleşmek, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek üçin ähli şertleriň, mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn bellediler.

Göwünleri galkynan, uly buýsanç duýgularyna beslenen bäsleşigiň ýeňijileri döwlet Baştutanymyzyň üns-aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we milli medeniýetimiziň mundan beýläk-de ösmegi ugrunda edilýän tagallalara mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
28.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
27.04
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň atçylyk firmasynyň ýolbaşçysy hem-de “Arkadag” futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy
26.04
Türkmenistanda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
top-arrow