Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 900 müň dollaryna golaý boldy
Ykdysadyýet
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 900 müň dollaryna golaý boldy
Çap edildi 29.01.2024
3497

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Gazagystanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň tehnologik desgalarynda öndürilen polipropileni, BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki uglerody satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Pakistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň telekeçilerine nah matalar we nah ýüplük, erkek adamlar üçin köýnekler, jins matasy, dikeldilen süýüm, ýüpek çig maly, pagta galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 900 müň dollaryna golaý boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we nebit ýol bitumyny, el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 24 million 387 müň manatdan gowrak boldy.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow