Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
Medeniýet
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
Çap edildi 25.04.2024
3434

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň halk suratkeşi, professor Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli sergi we “Pyragydan ruhlanan ussat” atly maslahat guraldy. Zehinli sungat ussadynyň ýubileýine bagyşlanan çäre Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirildi.

Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi Aýhan Hajyýew Magtymguly Pyragynyň kanoniki keşbini dörediji hökmünde tanalýar. Beýik şahyryň keşbini döretmek üçin irginsiz zähmet çekmek bilen, suratkeşiň alyp baran giň gerimli gözleg we döredijilik işleriniň netijesinde, 1947-nji ýylda Magtymgulynyň portreti döredilýär. Ol söz ussadynyň hakyky keşbine golaý kanoniki nusga hökmünde ykrar edilýär.

Şekillendiriş sungatynyň ussadynyň eserleri milli suratkeşlik mekdebiniň gymmatlygydyr. Suratkeş ozalky Türkmen döwlet politehniki institutynyň binagärlik kafedrasyny esaslandyryjylaryň biridir. Ol ömrüniň ahyryna çenli bu ýokary okuw mekdebinde surat we žiwopis dersinden talyplara sapak beripdir.

Serginiň açylyş dabarasyna Aýhan Hajyýewiň kärdeşleri, şägirtleri, suratkeşler, sungat ugruna ýöriteleşen bilim edaralarynyň talyplary, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan we Täjigistandan myhmanlar gatnaşdylar. Çykyş edenler şekillendiriş sungatynyň ussadynyň eserleriniň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de giňden meşhurdygyny bellediler. Onuň döredijiligi halkara sungaty öwrenijiler tarapyndan öwrenilip, eserleri dürli muzeý gymmatlyklarynyň arasynda görkezilýär.

Günüň ikinji ýarymynda halkara ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de ussat suratkeşiň köpugurly döredijilik mirasyny wagyz etmäge bagyşlanan “Pyragydan ruhlanan ussat” atly maslahat geçirildi. Çykyşlarda ussat suratkeşiň Magtymguly Pyragynyň keşbine degişli birnäçe çeperçilik eserlerini döredendigi, şahyryň baý mirasynyň halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlygyna, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigi bellenildi.

Aýhan Hajyýew öz döredijiliginde halk şahyrlarynyň we akyldarlarynyň keşbini döretmäge aýratyn üns berip, Döwletmämmet Azadynyň, Mollanepesiň, Zeliliniň, Seýdiniň kanoniki portretlerini hem döredipdir. Onuň eserleriniň hatarynda döwürdeş şahsyýetleriniň, ýagny artistleriň, suratkeşleriň, zähmetkeş adamlaryň, Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň portretleriniň uly toplumy bar.

Maslahatyň dowamynda daşary ýurtly myhmanlar suratkeşleriň medeni gatnaşyklary, geçen asyryň 50 — 80-nji ýyllarynyň şekillendiriş sungatynyň çeperçilik akymlarynyň umumylygy, sebitde şekillendiriş sungatynyň milli mekdepleriniň kemala gelşi barada gürrüň berdiler. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suratkeşleriniň döredijilik aýratynlygyna ünsi çeken myhmanlar milli şahyrlaryň nusgawy keşpleriniň döredilmegini muňa aýdyň mysal hökmünde görkezdiler. Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, mizemez umumadamzat gymmatlyklaryna hyzmat etmäge ömrüni we zehinini bagyş eden meşhur suratkeş nusgawy portret suratlaryny çekmegiň milli mekdebiniň görnükli wekilleriniň biridir.

Ýygnananlar diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de ähmiýet berilýän Aýhan Hajyýewiň döredijiliginiň geljekde hem hemmetaraplaýyn öwrenilmeginiň möhümdigine ünsi çekdiler.

Maslahata gatnaşyjylar milli sungatymyzy ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli işleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze derejä çykandygyny belläp, döredilýän mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
03.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
03.06
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
02.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.06
“Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy” tassyklanyldy
02.06
“Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama” tassyklanyldy
02.06
Ykdysady we ruhy galkynyşyň belent sepgitlerine tarap
02.06
Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler gowşuryldy
02.06
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
02.06
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow