Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Budapeştde Türkmenistanyň Medeniýet günleri badalga aldy
Medeniýet
Budapeştde Türkmenistanyň Medeniýet günleri badalga aldy
Çap edildi 08.08.2024
3118

Düýn Wengriýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Döredijilik çäresine gatnaşmak üçin türkmen suratkeşleriniň, medeni we sungat işgärleriniň, muzeý hünärmenleriniň we žurnalistleriň uly döredijilik wekiliýeti hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen Budapeşte iberildi.

Dabaraly çäreler başlanmazdan öň oňa gatnaşyjylar guralan sergini synladylar, ol ýerde milli sazyň owazy astynda ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklary, şekillendiriş we amaly-haşam sungaty bilen tanyşdylar.

Döredijilik çäresiniň açylyş dabarasynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda geçirilen çäreleriň türkmen-wenger gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakdaky möhüm ähmiýetini bellediler.

Wengriýadaky Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde biziň ýurdumyzyň wekiliýeti 9-11-nji awgust aralygynda Bugaç şäherinde geçiriljek gün we türki halklaryň gadymy däp-dessurlarynyň goralyp saklanmagy we sähra çarwa medeniýetleriniň gaýtadan dikeldilmeginiň baýramçylygy bolan gurultaý-festiwala gatnaşar.

Wengriýadaky Türkmenistanyň Medeniýet günleri 11-nji awgusta çenli dowam eder.

Soňky habarlar
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
top-arrow