Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilim ulgamynda işgärleriň hünär derejesi baradaky meseläni ilkinji derejeli hatara çykardy
Jemgyýet
Türkmenistanyň Prezidenti bilim ulgamynda işgärleriň hünär derejesi baradaky meseläni ilkinji derejeli hatara çykardy
Çap edildi 13.01.2017
2745

Her ýyl täze edaralar bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynyň üsti ýetirilýär. Diňe 2016-njy ýylda Türkmenistanda bilim edaralarynyň 35-si ulanmaga berildi. Olar umumy 9540 orunlyk 17 sany umumy bilim berýän orta mekdep, 2970 orunlyk 16 sany çagalar baglarydyr. Geçen ýyl Aşgabatda täze ýokary okuw mekdebi – 3000 talyba niýetlenilen Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti açyldy. Täze ugurlaryň 19-sy şu ýyl Türkmenistanyň Ýokary okuw mekdeplerindäki hünärleriň sanyny artdyrdy. Bu görkezijiler 2016-njy ýylyň netijeleri boýunça şu gün bolup geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýan edildi. Ýöne, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny giňeltmäge we döwrebaplaşdyrmaga döwlet tarapyndan köp serişdeleriň gonükdirilýändigine garamazdan, bu ulgamda alnyp barylýan özgertmeler haýal barýar. Döwlet Baştutanymyz ulgamy işgärler bilen üpjün etmek meselelerine, hünär berýän edaralarda taýýarlanylmagy ilkinji derejeli wajyp wezipe bolup durýan ýokary derejeli hünärmenleriň ýetmezçiligine bu pudaga gözegçilik edýän wise-premýer S. Toýlyýewiň ünsüni çekdi.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow