Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
2016-njy ýylda Türkmenistanyň Mejlisi 85 Kanun we 86 Karar kabul etdi
Jemgyýet
2016-njy ýylda Türkmenistanyň Mejlisi 85 Kanun we 86 Karar kabul etdi
Çap edildi 13.01.2017
2048

2016-njy ýylda milli parlamnet – Türkmenistanyň Mejlisi alty maslahat geçirip, olarda Kanunlaryň 85-sini we Kararlaryň 86-syny kabul etdi, halkara şertnamalarynyň birnäçesini tassyklady. 2017-nji ýylda ýurdumyzda durmuş-ykdysady maksatnamalaryň hukuk üpjünçiligine, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň demokratik ýörelgeleriniň anyk mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna we mundan beýläk-de ösdürilmegine, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegine gönükdirilen kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdiriler. Ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek barada işler alnyp baryldy hem-de Aşgabat şäheri we welaýatlar boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli Kararlary kabul edildi. Häzirki wagtda “Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawy hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynyň taslamasy taýýarlanylýar. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçirildi. 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny guramagyň barşynda Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda Mejlisiň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň başlyklarynyň, arçynlaryň, şeýle hem welaýat, etrap we şäher saýlaw okruglarynyň başlyklarynyň gatnaşmagynda saýlaw kanunçylygyny düşündirmek boýunça okuw maslahatlary geçirilýär.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow