Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
Medeniýet
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
Çap edildi 17.10.2024
1415

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu gatnaşyklar ähli döwürlerde hem halklaryň arasynda dostlugyň, özara düşünişmegiň köprüsi bolup hyzmat edýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilmegini munuň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Şu gezekki döredijilik çäresi bolsa iki döwletiň taryhy we ruhy gymmatlyklary umumy bolan halklarymyzyň dostlugyny berkitmegi, köptaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiginiň güwäsine öwrüldi.

Düýn Mukamlar köşgünde Adygeýiň “Nalmes” halk tanslary döwlet akademiki ansamblynyň konserti üstünlikli geçirildi. Döredijilik çäresiniň çäklerinde türkmenistanlylar Russiýanyň amaly-haşam sungaty eserleriniň we fotosuratlaryň sergisi bilen tanyşdylar.

Şu gün Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylary üçin Moskwanyň Döwlet akademiki filarmoniýasynyň aýdymçysy, pianinoçy, P.I.Çaýkowskiý adyndaky XV halkara bäsleşigiň ýeňijisi Dmitriý Masleýew ussatlyk sapagyny geçdi. Mukamlar köşgünde “Pýotr Iliç Çaýkowskiniň ýubileýine tarap” atly nusgawy saz konserti geçirildi. Dmitriý Masleýewiň ýerine ýetirmeginde P.I.Çaýkowskiniň we S.W.Rahmaninowyň eserleri ýaňlandy. Şeýle hem bu ýerde “Nalmes” halk tanslary döwlet akademiki ansamblynyň solistleri Türkmenistanyň tans toparlary üçin ussatlyk sapagyny geçdiler. Myhmanlar halk sahna horeografiýasynyň aýratynlyklary, gadymy adygeý tanslarynyň usulyýeti, gyzykly mowzuklar bilen baýlaşdyrylan tans-spektakllary barada gürrüň berdiler.

Russiýanyň Milli saz muzeýi tarapyndan Çaýkowskiniň döredijiligine bagyşlanan “Çaýkowskiniň planetasy” atly sergi guraldy. Sergi muzeýiň gaznasyndaky taryhy resminamalar, şahsy zatlar, fotosuratlar we nota partituralary esasynda guralyp, ol rus medeniýeti hakynda has giňişleýin maglumat almaga ýardam etdi.

Döredijilik çäresine gatnaşyjylar Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini jemläp, onuň parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakdaky, medeniýetleriň baýlaşmagyndaky, doganlyk halklaryň özara düşünişmegini berkitmekdäki ähmiýetini bellediler. Myhmanlar türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, şeýle hem Türkmenistan bilen has içgin tanyşmaga, onuň halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny öwrenmäge döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna hoşallyklaryny beýan etdiler.

Islendik halkyň medeniýeti taryhyň açyk kitabydyr, onuň her sahypasynda asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda toplanan ruhy-ahlak mirasynyň bir bölegi şöhlelenýär. Myhmanlar Aşgabatdaky muzeýler, medeni merkezler we köp sanly ýadygärlikler bilen tanyşmak arkaly muňa has anyk göz ýetirdiler. Şeýlelikde, Russiýanyň Medeniýet günleriniň çäginde geçirilen çäreler türkmenistanlylary dostlukly ýurduň sungatynyň baý öwüşginleri bilen tanyşdyryp, halklarymyzyň ýakyndygyny, taryhy we ruhy baglanyşygynyň berkdigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Soňky habarlar
16.05
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
16.05
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady
16.05
Türkmenistanyň Milli pawilýony «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisinde
15.05
2025-nji ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
15.05
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda
15.05
Türkmenistanda Litwa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
15.05
Çagalar baradaky alada
15.05
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
14.05
Türkmenistanyň Prezidenti “PETRONAS” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
14.05
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wekillerini kabul etdi
top-arrow