Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýurdumyzyň iň oňat etrabyna sylag gowşuryldy
Jemgyýet
Ýurdumyzyň iň oňat etrabyna sylag gowşuryldy
Çap edildi 21.01.2017
1541

Şu gün Lebap welaýat häkimliginde 2016-njy ýylda ýurdumyzda iň oňat etrap diýen ady almak ugrunda yglan edilen bäsleşikde ýeňiş gazanan Farap etrabyna mynasyp bolan sylagyny gowşurmak dabarasy boldy. Şu mynasybetli bu ýere welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, kärendeçiler, ýaşlar ýygnandylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça her ýyl welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriň arasynda geçirilýän iň nusgalyk etrap diýen ady almak ugrundaky bäsleşigiň netijeleri hökümetiň mejlisiniň geçen ýylda halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň alyp barýan işleriniň netijelerine bagyşlanylyp, 13-nji ýanwarda geçirilen giňişleýin mejlisinde beýan edildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşiň ähli görkezijileri boýunça gazanan ýokary üstünlikleri üçin Lebap welaýatynyň Farap etrabyny ýeňiji diýip yglan etmek hem-de ony ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde pul sylagy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi. Dabara gatnaşyjylar türkmen halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, döwletiň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak baradaky yzygiderli aladasy, sebitlerde häzirki zaman durmuş-ykdysady düzüminiň kemala getirilmegine berýän ägirt uly ünsi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdiler. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen Milli maksatnamasyny, “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş maksatnamasyny” hem-de döwlet ähmiýetli beýleki uly möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde oba ýaşaýjylarynyň durmuşyny düýpli özgerden iri maýa goýum taslamalary amala aşyryldy. Muňa Lebap welaýatynyň Farap etraby hem subutnama bolup biler. Bu ýerde hem, biziň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolşy ýaly, senagat kärhanalary, durmuş ähmiýetli desgalar guruldy we gurulýar, ilatyň durmuş derejesini gowulandyrmak, ruhy-medeni derejesini ýokarlandyrmak, beden taýdan sagdyn ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2015-nji ýylda häzirki zaman agyzsuwy zawody ulanmaga berildi. Amyderýanyň üstünden geçýän möhüm ulag desgalary bolan awtomobil we demir ýol köprüleriniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ýeňiji birnäçe ugurlar boýunça kesgitlenildi. Ýörite topar tarapyndan ýylyň dowamynda bugdaý we pagta ýygnap almak boýunça şertnamalaýyn borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi, möhüm desgalaryň gurulmagy hem-de ulanmaga berilmegi bilen baglylykda sebitleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň hem-de ilatyň iş bilen üpjünçilik, daşky gurşawyň ekologiýasy, medeni dynç alyşyň, lukmançylyk hyzmatlarynyň edilişiniň meseleleriniň çözülişi, ilatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga goşulyşy ýaly görkezijiler göz öňünde tutuldy. Dabarada çykyş edenler etrabyň ýaşaýjylaryny bäsleşigiň ýeňijisi diýen belent ada mynasyp bolmagy bilen gutladylar hem-de munuň öz yhlasly zähmeti bilen mähriban Watanymyzyň gülläp ösüşini has-da artdyrýan welaýatyň ilaty üçin mynasyp nusga boljakdygyny bellediler. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmäge özleriniň goşan goşandyna beren ýokary bahasy, türkmenistanlylaryň ýaşamagy we zähmet çekmegi üçin mynasyp şertleri döretmek ugrundaky ýadawsyz aladalary üçin uly hoşallyk bildirilýär. Farap etrabynyň dolandyryş merkezinde çäreler dowam etdi. Welaýatyň döredijilik toparlarynyň çykyşlary, ýerli önüm öndürijileriň önümleriniň, halk senetleriniň, amaly-haşam sungatynyň sergisi, pälwanlaryň bäsleşikleri olaryň bezegine öwrüldi. Baýramçylyk konsertinde döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy hem-de bagtyýar zamanamyzyň beýik işlerini wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.

Soňky habarlar
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
18.11
Parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak we netijeli hyzmatdaşlyk — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgeleri
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
17.11
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
17.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 811 müň dollaryndan gowrak boldy
16.11
Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy: gün tertibinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy
16.11
Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy
top-arrow