Baş sahypa
\
Sport
\
«Arkadag» topary täze ýeňişleri nazarlaýar
Sport
«Arkadag» topary täze ýeňişleri nazarlaýar
Çap edildi 13.08.2026
23

Şu günler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen futbol topary öňde boljak jogapkärli ýaryşlara taýýarlyk görýär. Mälim bolşy ýaly, «Arkadag» topary Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda ynamly ýeňiş gazandy. Şol bir wagtyň özünde, bu toparyň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň we ýurdumyzyň Ýokary ligasynyň çempiony diýen derejä mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

Häzirki wagtda ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň, şol sanda futbolyň ösdürilmegi ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Bu bolsa türkmen sportunyň dünýä çykmagyna, türkmen türgenleriniň ajaýyp ýeňişleri gazanmagyna giň ýol açýar. Şunda “Arkadag” toparynyň halkara ýaryşlarda şowly çykyş edýändigini nygtamak zerur.

Düýn Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow AFK-nyň “Çempionlar ligasy — 2” bäsleşiginiň toparçalaýyn tapgyrynda ynamly ýeňiş gazanan futbol toparynyň türgenlerini gutlady. Şeýle hem ol toparyň türgenlerine Gahryman Arkadagymyzyň salamyny we armasyny ýetirdi.

Türkmen sportunyň belende galmagy ugrunda tagalla edýän toparyň futbolçylary bu habary uly buýsanç duýgulary bilen kabul edip, döwlet tarapyndan döredilýän ýokary derejeli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Häzirki döwürde “Arkadag” topary halkara ýaryşlarda şowly çykyş edip, ynamly ýeňişleri gazanýar. Onuň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy halkymyzyň futbolçylara bolan guwanjyny goşalandyrdy. Ýurdumyzyň futbol toparlarynyň arasynda üstünlikli çykyş edýän “Ahal” futbol toparynyň hem Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmek mümkinçiligine eýe bolandygy bu ugurda edilýän tagallalaryň oňyn netije berýändigini görkezýär.

Milli Liderimiziň tagallasyndan binýat bolan täze şäheriň futbolçylary üçin niýetlenen stadionda ähli zerur şertler bar. Bu ýerde türgenleşikleri geçirmek we halkara ýaryşlary guramak üçin giň mümkinçilikler döredilen. Şu günler toparyň futbolçylary we tälimçileri öňde boljak halkara ýaryşlara tutanýerli taýýarlyk görýärler. Ýokary derejeli türgenleşikler we döredilen mümkinçilikler futbolçylaryň ýeňşe bolan ynamyny pugtalandyrýar.

“Arkadag” toparynyň türgenleri döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, ýokary derejeli şertlerden netijeli peýdalanyp, mundan beýläk-de uly ýeňişleri gazanmak ugrunda ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
14.08
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
13.08
Ylym we tehnologiýalar — ýurdumyzyň rowaçlygynyň kepili
13.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
13.08
«Arkadag» topary täze ýeňişleri nazarlaýar
12.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady
12.08
Türkmenistanyň Prezidenti Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
12.08
Hazar deňziniň güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat
12.08
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
11.08
Ulag-kommunikasiýa toplumynyň mümkinçiliklerini artdyryp
11.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 224 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow