Baş sahypa
\
Sport
\
«Arkadag» we «Al-Nassr» futbol toparlary duşuşdy
Sport
«Arkadag» we «Al-Nassr» futbol toparlary duşuşdy
Çap edildi 11.02.2026
40

Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän Merkezi Aziýada iň uly Olimpiýa stadionynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäklerinde ýurdumyzyň “Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” futbol toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda sporty ösdürmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, bedenterbiýe, Olimpiýa hereketi arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Belent ynsanperwer ýörelgeleri özünde jemleýän halkara sport hereketine goşant goşýan bu işler Watanymyzyň abraýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport ählumumy parahatçylygy, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda futboly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde munuň üçin ähli şertler döredilýär. Diýarymyzda futbolyň ösüşiniň esasy tapgyrlary barada aýdylanda, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 1992-nji ýylda döredilendigini hem-de şol ýylda Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň oýunlarynyň we ýurdumyzyň Kubogy ugrunda ýaryşlaryň geçirilip başlanandygyny bellemek gerek. 1994-nji ýylda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy FIFA-nyň hem-de Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Şol ýyl futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Aziýa oýunlarynyň çärýek finalyna çykmagy başardy. Futbol boýunça milli ýygyndy toparymyz 1995-nji ýyldan bäri her ýyl halkara ýaryşlara gatnaşyp gelýär.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2014-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasy hem-de Günbatar Aziýa Futbol federasiýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Her ýyl milli federasiýamyz FIFA bilen bilelikde ýurdumyzda futbol boýunça eminleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin halkara okuw maslahatlaryny geçirýär, onuň jemleri boýunça synaglary üstünlikli geçen eminlere halkara derejeli emin derejesi berilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hormatly Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerip, eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlar dünýäniň abraýly sport düzümleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Halkara sport federasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza iş sapary bilen gelmegi sport hyzmatdaşlygynda täze sahypalary açýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantinonyň ýurdumyza sapar bilen gelmegi hem-de onuň dowamynda döwlet Baştutanymyza FIFA-nyň ýörite futbol lybasyny hem-de resmi topuny, FIFA-nyň ýörite nyşanyny ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurmagy türkmen futbolynyň dünýä derejesinde gyzyklanma döredýändiginiň subutnamasy boldy.

...“Arkadag” we “Al-Nassr” toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde geçirilmegi aýratyn buýsandyryjy wakadyr. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň wajyp sport çäreleriniň birine öwrülen bu duşuşyga taýýarlygyň çäklerinde Milli Liderimiziň Olimpiýa stadionynda alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy ýurdumyzda futboly ösdürmäge döwlet derejesinde üns berilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Futbol duşuşygynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti ýaýbaňlandyryldy. Ýerine ýetirilen çykyşlarda sportda gazanylýan üstünlikler belentden wasp edildi. Soňky ýyllarda Türkmenistan iri halkara sport ýaryşlarynyň we sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä çempionatlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Munuň özi Watanymyzyň sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmünde derejesini has-da pugtalandyrýar.

Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň buýsanjyna öwrülen Olimpiýa stadionynda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi. Oýunlar küşt, futzal, tennis, taýboks, sambo, kuraş, jiu-jitsu, bouling, welosport, suwda ýüzmek, basketbol, agyr atletika, ýeňil atletika taekwondo, tans sporty, kikboksing, guşakly göreş, sport göreşi, bilýard, atçylyk sporty (konkur), türkmen milli göreşi ýaly sportuň 21 görnüşini öz içine aldy. Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň hem-de bosgunlaryň wekilleriniň müňlerçesiniň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşlar ýurdumyzda halkara sport bäsleşiklerini geçirmek boýunça toplanan tejribäniň has-da baýlaşmagyna itergi berdi.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, şeýle hem sebitde iň uly Olimpiýa stadionynyň esasy nyşany bolan bedewiň çeper-monumental keşbi türkmen sportunyň bedew batly ösüşleriniň gaýtalanmajak binagärlik alamatyna öwrüldi. Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen bedew şekili Gahryman Arkadagymyzyň teklibi boýunça, halkymyzyň asylly däbi esasynda, üzärligiň dessesi bilen bezeldi. Şeýle hem onuň örülen alaja bilen bezelmegi ýurdumyzda üstünlikleriň milli dessurlar bilen utgaşdyrylýandygynyň beýanydyr. Wepaly atly alabaý diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, tutuş sebitiň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan bu ýaryşlaryň nyşany boldy.

Türkmenistanda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, futboly ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen “Arkadag” futbol klubunyň döredilmegi sportuň iň meşhur görnüşini ösdürmekde aýratyn tapgyry alamatlandyrdy. Milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini özünde jemleýän, sebitde ilkinji «akylly» şäher diýlip ykrar edilen Arkadag şäherinde döredilen bu topar türkmen futbolynyň sazlaşykly ösüşiniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Döredileninden bäri köp wagtyň geçmändigine garamazdan, “Arkadag” topary birnäçe gezek Türkmenistanyň çempiony bolmagy başardy. 2025-nji ýylda bolsa ýurdumyzyň bu meşhur topary Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony boldy. “Arkadag” toparynyň bu üstünlikleri ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň milli sporty mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky güwäsidir.

Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” topary bilen geçirilen duşuşyk hem “Arkadag” toparynyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmeginiň aýdyň netijesidir. Bu möhüm ähmiýetli futbol duşuşygy türkmenistanlylarda uly gyzyklanma döretdi. Garaşylýan tolgundyryjy pursat gelip ýetdi: futbol duşuşygynyň emininiň oýnuň başlanýandygynyň alamaty hökmünde jürlewük çalmagy bilen, ýaşyl meýdançada taryhy pursatlara badalga berildi. Bu ajaýyp wakanyň şanyna sebitde deňi-taýy bolmadyk 45 müň orunlyk Olimpiýa stadionynda futbol duşuşygynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan sport alawy ýakyldy.

Duşuşyk ilkinji minutlardan başlap çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Iki toparyň oýunçylary hem meýdançada topa erk etmekde ussatlyklaryny görkezdiler.

“Arkadagyň” oýunçylarynyň sazlaşykly hereketleri güýçli garşydaşynyň öňünde olaryň nähili taýýarlyklydyklaryny görkezdi. Olar hüjümleriň öňüni almak bilen bir hatarda, “Al-Nassr” toparynyň derwezesine yzygiderli garşylykly hüjümleri guradylar. Duşuşyk futbol janköýerleri üçin täsirli pursatlara baý boldy. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynda emele gelen şowhun oýnuň ruhuny has-da belende göterdi. Müňlerçe tomaşaçynyň goldawy “Arkadag” toparynyň oýunçylaryny has-da ruhlandyrdy.

Ýurdumyzyň “Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” futbol toparlarynyň arasyndaky bu duşuşyk futbolyň diňe bir oýun däl-de, eýsem, uly bir medeni wakadygyny hem görkezdi. Duşuşygyň dowamynda toparlaryň oýunçylarynyň görkezen ussatlygy futbolyň hakyky gözelligini ýüze çykardy. Meýdançadaky çekeleşikli hereketler oýnuň soňky minutlaryna çenli dowam etdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, arassa hem-de owadan oýun boldy. “Arkadag” — “Al-Nassr” duşuşygy 0:1 hasabynda tamamlandy.

Milli Liderimiz oýun garşydaş toparyň peýdasyna tamamlansa-da, bu duşuşygyň halkymyz üçin toý-baýramdygyny, türgenlerimiziň bolsa ýene-de uly üstünliklere ymtyljakdygyny nygtapdy.

Şeýlelikde, iki güýçli toparyň bu oýny taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Futbolçylaryň görkezen gaýraty, janköýerleriň goldawy we halkara hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy Aşgabatdaky futbol agşamynyň iň uly ýeňşi boldy.

Soňky habarlar
11.02
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Ulag we aragatnaşyk pudagy
11.02
«Arkadag» we «Al-Nassr» futbol toparlary duşuşdy
11.02
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.02
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
10.02
Paýtagtymyzda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady
10.02
Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty
10.02
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara
09.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
09.02
«Arkadag» futbol topary dünýä metbugatynyň üns merkezinde
09.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 133 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow