Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Medeniýet hepdeligi — 2025: ikinji gün
Medeniýet
Medeniýet hepdeligi — 2025: ikinji gün
Çap edildi 23.06.2025
5413

Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi üstünlikli dowam edýär. Giň gerimli medeni çäräniň ikinji güni halkymyzyň sungatynyň we medeni mirasynyň köpöwüşginliligini beýan edýän wakalara baý boldy.

Çäre ýurdumyzyň çagalar döredijilik toparlarynyň «Parahatçylygyň waspçylary» atly ajaýyp konserti bilen açyldy. Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň medeniýet öýünde ýaş zehinler öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olaryň bilelikde ýerine ýetiren halk aýdymlary, söýlüp tomaşa edilýän multfilmlerden we kinofilmlerden sazlary, bagtyýar çagalyk baradaky kompozisiýalary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Bu konsert diňe bir medeni dynç alşy özünde jemlemek bilen çäklenmän, ol geçmiş bilen geljegiň, ozaldan gelýän däp-dessurlardyr döwrebaplygyň, uly ýaşlylaryň hem-de çagalaryň dünýäsiniň arasynda köpri bolup hyzmat edýän aýdym-sazyň jadyly güýjüni beýan edýän özboluşly baýramçylyga öwrüldi. Ýerine ýetirilen ajaýyp küştdepdi tansy çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy. Çykyşlar ýaş nesliň halkymyzyň baý medeni gymmatlyklaryny buýsanç bilen, mynasyp ösdürýändiklerini aýdyň görkezdi.

Soňra döredijilik çäreleri Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky medeniýet köşgünde dowam etdi. Bu ýerde çeper söze we milli medeniýete aýratyn gadyr goýýanlar üçin ajaýyp dabara guraldy. «Baky Bitaraplyk — dillerde dessan» atly şygryýet agşamy ýurdumyzyň ussat şahyrlaryny we ýaş zehinleri bir ýere jemledi. Şahyrlar halkymyzyň ruhy dünýäsini aýdyň şöhlelendiren çäräniň dowamynda öz döreden eserleri arkaly Watanymyzyň abadançylygynyň, durnukly ösüşiniň binýadyny emele getirýän Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini wasp etdiler. Ýerine ýetirilen aýdymlar, çeper okaýyşlar döredijilik agşamyna aýratyn öwüşgin çaýdy. Şahyrlar öz goşgularyny halkymyzyň köpasyrlyk taryhyna, ajaýyp däp-dessurlaryna, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň tebigat gözelliklerine, gazanýan belent sepgitlerine bagyşladylar.

Babadaýhan etrabynyň Täze ýol geňeşliginde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky muzeýe gezelenç Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasynda aýratyn orun aldy. Gezelenje gatnaşanlar galdyran mirasy türkmen halkynyň taryhy we medeni ösüşinde uly ähmiýete eýe bolan görnükli bilim işgäriniň durmuş hem-de zähmet ýoluna degişli muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar.


Gezelençden soňra, etrabyň medeniýet merkezinde döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar muzeýe gezelençden galan täsirlerini paýlaşdylar, medeni mirasy gorap saklamagyň ähmiýetine ünsi çekdiler. Şeýle-de şahyrlar watansöýüjilik, tebigat gözellikleri, umumadamzat gymmatlyklary barada söz açýan täze eserleri, nusgawy goşgular barada söhbet etdiler.

Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, Ahal welaýatynyň sungat işgärleriniň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli konsert bilen tamamlandy. Sahnada ýerine ýetirijiler, sazandalar, tansçylar çykyş edip, tomaşaçylara türkmen medeniýetiniň, sungatynyň giň döredijilik ugurlaryny ussatlyk bilen açyp görkezdiler. Konsert ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň ýokary ussatlyk derejesiniň, milli sahna sungatynyň ösüşine goşýan uly goşandynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni ýurdumyzda ruhy gymmatlyklary berkitmek, medeni mümkinçilikleri ösdürmek we milli mirasy geljek nesiller üçin gorap saklamak boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Soňky habarlar
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
04.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
03.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.04
A.O.Atabaýewa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
B.M.Taňryberdiýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
A.Ö.Gurbannazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
02.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.04
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.04
Paýtagtymyzda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi açyldy
top-arrow