Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ählumumy maksatlary milli derejede ilkinjileriň hatarynda utgaşdyran ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk edip, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşýar. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, oba hojalygynda durnukly ösüşe ýardam bermek ýaly möhüm ulgamda tagallalary birleşdirmek köpugurly hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär.
Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän, dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan anyk teklipler bu ulgamda bar bolan möhüm wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendir. Soňky döwürde ýurdumyzyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygy täze mazmunda baýlaşdyrylýar. Bu gurama bilen bilelikde birnäçe taslamalar amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň oba hojalygynda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde, şol sanda pudagyň işini düýpli döwrebaplaşdyrmakda we onuň kuwwatlyklaryny sazlaşykly herekete getirmekde, obasenagat toplumynyň tehniki binýadyny yzygiderli täzelemekde, innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda, ylmyň gazananlary bilen ösdürmekde, önüm öndürijileri hemmetaraplaýyn goldamakda ähmiýetli tejribe toplandy. Netijede, Watanymyzda azyk bolçulygy kemala getirildi. Türkmen ekerançylary her ýyl bugdaýyň, gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän oba hojalyk toplumynyň gaýtadan işleýän pudagynyň kuwwaty barha artýar. Ýurdumyzyň bu ugurdaky gazananlary Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynda hem aýdyň şöhlelendirilýär.
Häzirki zaman şertlerinde oba hojalygynyň durnukly ösüşi gönüden-göni ekologik ýagdaýlara baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň, Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ugurdaş işler amala aşyrylýar. Şunda ýer we suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ulanylmagyna hem-de ilatyň ekologik medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda halkara tagallalary goldaýan döwletimiz geljek üçin mümkinçilikleri hasaba almak bilen, öňde goýlan wezipeleriň deňeçer çözgütleriniň işlenip taýýarlanylmagynda möhüm ähmiýete eýe bolan başlangyçly orny eýeleýär.
Türkmenistanda azyk howpsuzlygy ulgamynda sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen dürli çäreleriň geçirilmegi hem BMG hem-de onuň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň noýabrynda paýtagtymyzda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi. Degişli ugurda hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we pikir alyşmak üçin amatly meýdança öwrülen Aşgabat forumy abraýly halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, howanyň üýtgäp durýan şertlerinde azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi Durnukly ösüş maksatlarynda berkidilen köp sanly wezipeleriň çözülmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Howanyň üýtgemegi bilen bagly ýagdaýlar oba hojalygyny ýöretmegiň däp bolan usullarynyň we görnüşleriniň özgerdilmegine öz täsirini ýetirýär. Munuň özi utgaşdyrylan çemeleşmeleriň binýadynda gaýragoýulmasyz çäreleriň görülmeginiň zerurlygyny şertlendirýär. Türkmenistan bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, onuň täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýär.
Howa boýunça Pariž ylalaşygynyň azyk howpsuzlygynda ähmiýetiniň uludygy ykrar edilýär. Şu nukdaýnazardan, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmakda, onuň täsirini peseltmekde öňdebaryjy dünýä tejribesiniň we usullarynyň öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Durnukly oba hojalyk tejribelerinden peýdalanmak Merkezi Aziýa döwletleri üçin hem möhüm wezipe bolmagynda galýar. BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezi bu wajyp wezipäni durmuşa geçirmekde netijeli gurallaryň biri bolup biler. Bu merkezi döretmek başlangyjynyň Türkmenistana degişlidigini bellemek gerek. Oba hojalygynyň howa şertlerine uýgunlaşan usullaryny ilerletmekden başlap, azyk önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň ulgamyny pugtalandyrmaga çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça Türkmenistanyň tagallalary BMG-niň we onuň ugurdaş edaralarynyň hem-de beýleki abraýly halkara, sebit guramalarynyň goldawyna eýe bolýar.
Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän şu ýylyň başynda kabul edilen Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda hem öz beýanyny tapýar. Bularyň ählisi ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze gözýetimleri açýar.