Baş sahypa
\
Medeniýet
\
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda sirk sungatyna uly goşandy üçin halkara şahadatnamalar gowşuryldy
Medeniýet
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda sirk sungatyna uly goşandy üçin halkara şahadatnamalar gowşuryldy
Çap edildi 24.01.2026
44

2026-njy ýylyň ilkinji aýy şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň mazmunyna laýyk üstünliklere beslenýär. Ol üstünligiň ahalteke bedewleriniň hem-de ýurdumyzyň medeni mirasynyň halkara derejede ykrar edilmegi bilen baglanyşykly bolmagy halkymyzyň buýsanjyny, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygyny artdyrýar.

Şu ýylyň 16 — 25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirildi. Oňa ýurdumyza wekilçilik edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi — topar ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Serdar Pygyýew we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň baş direktory Serdar Gurbangulyýew hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar. Halkara festiwalyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu waka 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň mazmunyny baýlaşdyryp, oňa ajaýyp öwüşgin çaýýar. Bu hoş habary 2026-njy ýylyň üstünliklere beslenjekdiginiň buşlukçysy hökmünde kabul edip bolar. Şol üstünlikleri ahalteke bedewlerimiziň okgunly bady bilen deňeşdirmek ýerliklidir. Sebäbi ol şanly ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň mazmunyna mynasyp uly üstünlikdir.

Mälim bolşy ýaly, halkara festiwal 1974-nji ýylda esaslandyrylyp, dünýäniň sirk sungatynyň iň abraýly we ähmiýetli çäreleriniň biridir. Ol her ýyl Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilýär. Sirk sungatynyň meşhurlygyny artdyrmak, onuň däplerini dowam etdirmek, dünýä ýurtlaryndan zehinli artistleri ýüze çykarmak festiwalyň esasy maksadydyr. Bu giň gerimli çäre sirk sungatyny ösdürmäge, dürli ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär. Festiwal Monte-Karlonyň merkezinde gurnalýan ýörite sirk çadyrynda geçirilip, artistler sirk sungatynyň dürli žanrlarynda çykyş edýärler.

2025-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolupdy. Bu ajaýyp wakanyň hormatyna Arkadag şäherinde dabaraly çäreleriň geçirilendigini we «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan 17 müň ýewro möçberinde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan 3 million manat möçberinde pul sowgadynyň gowşurylandygyny bellemek gerek. Şeýle hem topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş merkezine 10 günlük dynç alyş ýollanmasy, sport egin-eşikler toplumy, döwrebap tehnologiýalary özünde jemleýän enjamlar toplumy, ajaýyp türkmen halysy sowgat hökmünde gowşurylypdy.

Ýurdumyzyň meşhur toparynyň geçen ýyl şeýle abraýly halkara gözden geçirilişe gatnaşmagy, bu ýyl bolsa oňa toparyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ýolbaşçylarynyň hormatly myhman hökmünde çagyrylmagy Türkmenistanda sirk sungatynda ýetilen sepgitleriň dünýäde ykrar edilýändigini alamatlandyrýar.

Berkarar Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ony dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunda sungatyň dürli ugurlary bilen bir hatarda, milli sirk sungatynyň ösdürilmegine-de möhüm ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda milli sirk sungaty täzeden dikeldildi hem-de 2010-njy ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Döwlet sirki gaýtadan işläp başlady. Munuň özi häzirki zaman türkmen sirk sungatyny ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyr boldy.

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň bedewlerimiziň ýyndam hereketleri bilen utgaşyklylykda ýerine ýetirýän akrobatik we gimnastik tilsimleri, bedewlere ussatlyk bilen erk etmek, at çapmak sungatynyň ýokary derejesini görkezýän çykyşlary milli sirk sungatymyzyň özboluşly aýratynlygydyr. Ýeri gelende bellesek, bu topar 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredildi.

Ýurdumyzyň sirk sungatynyň ösüşinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna uly orun degişlidir. Bu topar dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara, şol sanda 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «IDOL» bütindünýä sirk sungaty festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda guralan II halkara sirk sungaty festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda baş baýraklara mynasyp boldy. Toparyň 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ilkinji gezek geçirilen Fontankadaky I halkara sirk sungaty festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigine mynasyp bolmagy Türkmenistanyň halkara sport abraýyny belende göteren buýsançly waka öwrüldi.

Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hem örän meşhur bolan bu topar milli medeni mirasymyzy Ýer ýüzünde giňden tanatmaga uly goşant goşýar hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan dabaralarda, şanly seneler mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde çykyş edip, olaryň derejesini belende göterýär. Ajaýyp bedewleriň gözelligi, çeýeligi, çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitleriň ussatlyklary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri döredýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek we milli atşynaslygyň däplerini dünýä ýaýmak, şol sanda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Köpetdagyň ajaýyp künjeginde gurlan Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi bu ugurdaky işleriň aýdyň mysallarynyň biridir. Bu ýokary okuw mekdebinde atçylyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. Onuň düzüminde atçylyk, atçylygyň weterinariýasy, atly sport, syýahatçylyk, milli at üstündäki oýunlar, oba hojalygynyň ykdysadyýeti fakultetleri bar. Akademiýa öňdebaryjy enjamlar, ýörite okuw serişdeleri we umumy, tejribe, amaly sapaklary geçmäge, ylmy-barlag işlerini alyp barmaga niýetlenen innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem “akylly” şäherde halkara ölçeglere laýyk gelýän Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi hereket edýär. Arkadag şäherinde 1 müň 500 tomaşaça niýetlenen Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki hem hereket edýär. Sanly ulgam we häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen, özboluşly binagärlik keşbine eýe bolan bu döwrebap desgada sirk ussatlarynyň çykyş etmekleri üçin ähli mümkinçilikler bar.

Gözelligi, ýyndamlygy bilen göreni haýrana goýýan bedewleri seýislemek irginsiz zähmeti, bilimi, söýgini we zehini talap edýär. Merdana pederlerimiz bu ugurda tutanýerli zähmet çekipdirler. Bedewleriň ajaýyp ahalteke tohumynyň kemala getirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Gahryman Arkadagymyz “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “At-da wepa-da bar, sapa-da” atly kitaplarynda ýelden ýüwrük bedewler barada söhbet açýar. Türkmenistanda milli atçylyk sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, onuň gözbaşy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý däplerini dowam etdirmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ulgamda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde 2010-njy ýylda Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna uly orun degişlidir.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu gurama dünýäniň ähli künjeklerinden hünärmenleri, alym-atşynaslary, behişdi bedewlere sarpa goýýan beýleki adamlary birleşdirýär. Onuň yzygiderli geçirilýän mejlisleri hyzmatdaşlygyň möhüm we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, täze bilelikdäki taslamalar hem-de işewür gatnaşyklar bilen onuň mazmunyny baýlaşdyrmaga, özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär.

Ahalteke bedewleri barada döwlet derejesinde edilýän uly aladalara jogap edip, türkmen atşynaslary öz öňlerinde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek üçin yhlasyny, bilimlerini we tejribesini gaýgyrmaýarlar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitleri hem ussatlyklaryny barha kämilleşdirýärler. Çünki bu toparyň çykyşlaryna hemişe uly höwes bilen tomaşa edilýär. Olaryň çykyşlarynda çeýelik, gözellik hem-de ussatlyk bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Bu bolsa toparyň agzalarynyň öz işinde ýokary ussatlyk derejesine ýetendigini aýdyňlygy bilen görkezýär.

Toparyň ýerine ýetirýän täsin çykyşlary üýtgeşik hem-de batyrgaý, töwekgelçilikli tilsimlerden ybarat bolup, ajaýyp görnüşler tomaşaçylary haýrana goýýar. At üstündäki oýunlar akrobatikany, gimnastikany we dressurany özünde jemläp, artistlerden köptaraply ussatlygy talap edýär. Bu sungatyň däpleriniň nesilden-nesle geçirilip gelinmegi netijesinde türkmen milli at üstündäki oýunlary dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar.

Türkmenistanyň ussat halypa seýsi Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň seýislän Akhan atly bedewiniň üstünligi ahalteke bedewleriniň şöhratyny has-da artdyrdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedewiň iki aýagynyň üstünde çarpaýa galyp, 10 metr aralyga görkezen netijesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi. Akhan 10 metr aralyga 4,19 sekunt wagt sarp edip, şondan ozalky iň gowy netijäni iki esse gowulandyrdy. Akhanyň görkezen ýokary netijesi Milli Liderimiziň ägirt uly yhlasynyň, seýisçilik tejribesiniň ajaýyp netije berýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylda Akhany “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sowgat bermegi şöhratly bedewiň täze üstünliklerine ýol açdy. Akhan dünýä belli bu topar bilen ençeme ýurtlarda çykyş edip, halkara festiwallaryň abraýly baýraklaryny gazanmaga mynasyp goşant goşdy. Olar ýurdumyzyň halkara abraýyny belende göteren şatlykly wakalardyr.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän 2026-njy ýylyň ilkinji aýynda hem halkymyz şeýle şatlykly wakalaryň dowamata atarylýandygynyň şaýady boldy. Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalyna hormatly myhman hökmünde gatnaşan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ýolbaşçylary “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan gowşurylan halkara şahadatnamalary buýsanç bilen kabul edip, Watanymyza dolanyp geldiler.

Bu waka “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrülip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň atçylyk sportuny ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda barha rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar hem-de bu üstünligi Ýer ýüzünde dabaralandyrýar.

Soňky habarlar
26.01
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.01
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow harby bölümleriň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
24.01
Ynsanperwerlik ruhunda: çagalaryň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeldip
24.01
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda sirk sungatyna uly goşandy üçin halkara şahadatnamalar gowşuryldy
23.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.01
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekillerini kabul etdi
23.01
Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili bilen duşuşygy
22.01
Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň täze strategiýalary
21.01
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
21.01
Ý.B.Nuryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow