Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Medeniýetara dialogy ilerletmek — parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti
Teswirlemeler
Medeniýetara dialogy ilerletmek — parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti
Çap edildi 21.05.2026
3

Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugrudyr. Bu syýasy ugruň amala aşyrylmagynda parahatçylygy, halklaryň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy berkitmegiň wajyp şerti hökmünde ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şu maksat bilen, Türkmenistan medeni, ylym-bilim, sport diplomatiýasynyň köpugurly mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çalşyp, bu ugurda yzygiderli ädimleri ädýär hem-de abraýly halkara, sebit guramalarynyň çäklerinde anyk başlangyçlary öňe sürýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň 13-14-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran sapary hem munuň aýdyň mysalydyr.

Saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz «KazanForum — 2026» atly çärelere, hususan-da, Kazanyň şu ýylda “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) maslahatyna gatnaşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) Baş maslahatynyň 15-nji mejlisiniň ähmiýetini belledi. Häzirki zaman ählumumy özgerişler şertlerinde özboluşlylyk we däp bolan gymmatlyklar esasynda medeni köpdürlüligi gorap saklamak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalaryň işi, olaryň durmuş ulgamynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmekdäki orny has-da möhümdir. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň ICESCO-nyň giň we netijeli ynsanperwer hyzmatdaşlygyna ýardam bermäge, yslam medeniýetiniň beýik siwilizasion binýadyny, onuň ynsanperwer gymmatlyklaryny gorap saklamaga we baýlaşdyrmaga, ylymda, bilimde, medeniýetde gazananlary goldamaga gönükdirilen abraýly halkara gurama hökmündäki işine ýokary baha berýändigini nygtady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýaşlaryň intellektual mümkinçiliklerini ösdürmek, olary dünýä ýurtlarynyň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdyrmak ugrundaky işjeň, guramaçylykly hereketleriň şu günki günde örän ähmiýetli bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Bu bolsa parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Bitaraplyk Türkmenistanyň bitewi we uzak möhletleýin medeni-ynsanperwer strategiýasyny amala aşyrmagyň esasy şertidir. Ýurdumyz ynsanperwer häsiýetli esasy halkara konwensiýalara, şertnamalara goşulyp, Milletler Bileleşigi bilen bilelikde olary milli we ählumumy derejede iş ýüzünde amala aşyrmak ugrunda tagalla edýär.

Türkmenistanda ÝUNESKO bilen ýakyn hyzmatdaşlykda köp ýyllaryň dowamynda milli mirasy gorap saklamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Netijede, şu güne çenli Türkmenistanyň çäginde 1 müň 500-den gowrak taryhy we medeni ýadygärlik hasaba alyndy. Türkmen halkynyň maddy hem-de maddy däl medeni mirasynyň gaýtalanmajak desgalarynyň, gymmatlyklarynyň, tebigy gözellikleriniň ÝUNESKO-nyň abraýly sanawlaryna girizilmegi olaryň umumadamzat ähmiýetlidigini tassyklaýar. Türkmenistanyň daşary syýasatynda medeni meseleleriň işjeň öňe sürülýändigini bellemek bilen, Gahryman Arkadagymyz eýýäm kemala gelen we köptaraplaýyn özara hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşleri hökmünde özüni görkezen taslamalaryň çäklerindäki bilelikdäki işiň oňyn tejribesiniň gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigini nygtady. Şunda «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» taslamasyna üns çekildi. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy ýurtlaryň her birine öz halklarynyň köpasyrlyk medeni gazananlary, däp-dessurlary, ruhy-medeni gymmatlyklary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär.

ICESCO bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilişi barada aýdylanda, Türkmenistan bu guramany halkara ynsanperwer syýasatyň möhüm ugry hökmünde görýär. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň martynda Türkmenistanyň ICESCO-da ýurdumyza synçy derejesini bermek baradaky resmi hatynyň iberilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň bilim, ylym, medeniýet ulgamlaryndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň işine goşulmaga ähmiýetli tapgyr hökmünde garalýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri munuň ýurdumyzyň maksatnamalara yzygiderli we köpugurly görnüşde gatnaşmagy, iň gowy tejribeleri alyşmagy, gurama agza döwletler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy üçin täze goşmaça meýdançany döretjekdigine ynam bildirip, geljekde bilelikdäki işlere döredijilikli itergi berip biljek birnäçe anyk teklipleri beýan etdi.

Türkmenistan yslam ýurtlarynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça ICESCO-nyň uzak möhletleýin Strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip edýär. Şunda diňe bir öwrenmäge we ylmy barlaglara däl-de, eýsem, edebi-publisistik eserleri, kinofilmleri döretmek, wirtual muzeýleri, galereýalary, beýleki giň elýeterli internet meýdançalaryny guramak arkaly yslam medeni mirasyny işjeň ilerletmek maksadalaýyk hasaplanýar. Gahryman Arkadagymyz bilim, magaryf işi babatda «Yslam şygryýet dialogy: paýhas we asyrlaryň baglanyşygy» atly giň gerimli maksatnamany durmuşa geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Bu taslamanyň maksady biziň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň jemgyýetçiligini gadymy döwürlerden häzirki wagta çenli yslam şygryýetiniň, filosofik mirasynyň iň gowy eserleri bilen giňden tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Şonuň üçin ilkinji ädim hökmünde yslam dünýäsiniň görnükli şahyrlarynyň, akyldarlarynyň, filosoflarynyň, şeýle hem özüni yslama, yslam medeni koduna, dünýägaraýşyna degişli hasaplaýan awtorlaryň eserlerini öz içine aljak «Yslam şygryýetiniň bütindünýä antologiýasyny» döretmek teklip edildi.

Ýurdumyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny, özboluşly döredijilik däplerini gorap saklamaga, öwrenmäge hem-de wagyz etmäge uly üns berilýär. Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilidir. 2024-nji ýylda beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara ähmiýetli çärä öwrüldi. Şahyr şygryýetiň özara düşünişmegiň we gepleşikleriň açarydygyna ynanypdyr. Dana Pyragynyň goşgulary mizemez umumadamzat gymmatlyklaryny wasp edýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy YHG-nyň maslahatynda eden çykyşynda yslam dünýäsiniň «akylly» şäherler diplomatiýasy başlangyjyny hem öňe sürdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu teklibe esaslanyp, döwlet syýasatynyň bu ugrunyň biziň ýurtlarymyzda, şol sanda Türkmenistanda işjeň ösýändigini belledi. Şu günki günde «akylly» şäher diýmek — bu intellektiň, döredijiligiň, binagärligiň, medeniýetiň, ylmyň, tehnologiýalaryň, estetikanyň we durmuş bilimleriniň utgaşmasydyr. Ýagny ICESCO-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän düşünjelerdir. Şol sebäpli hem hut şu guramanyň mejlisinde «akylly» şäherler diplomatiýasy arkaly yslam ýurtlarynyň arasynda ösüşiň bu geljegi uly ugrunda tejribeleri, bilimleri, meýilnamalary alyşmagyň hyzmatdaşlyk hem-de hünär gurallaryny ýola goýmak ýerlikli hasap edilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäherini döretmek başlangyjy türkmen halkynyň Milli Liderine degişlidir. Bu giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilmegi durmuş ulgamyny we ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy esasy ugur edinýän döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän şäheriň gurluşygynda öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we ekologiýa taýdan arassa “ýaşyl” tehnologiýalardan peýdalanyldy. Häzirki wagtda Arkadag şäheri innowasion şähergurluşyk taslamasynyň milli nusgasy hökmünde tutuş dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Şäheriň birnäçe abraýly halkara sylaglara, güwänamalara we şahadatnamalara mynasyp bolmagy munuň aýdyň güwäsidir. Bularyň ählisi uzak geljegi nazara alyp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli özara gatnaşyklar üçin amatly mümkinçilikleri açýar.

Gahryman Arkadagymyz Kazan şäherinde geçirilen maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanyň parahatçylyk we döredijilik, medeni köpdürlülik, durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklap, bilimiň, ylmyň, medeniýetiň döwletleri hem-de halklary birleşdirmäge ukyply ählumumy gymmatlyklardygyna ynanýandygyny mälim etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň mundan beýläk-de siwilizasiýalaryň arasyndaky dialogy ösdürmäge, özara ynamy, düşünişmegi pugtalandyrmaga goşandyny goşmaga, döwletara gatnaşyklarda ynsanperwer taglymlary we gymmatlyklary ilerletmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny nygtap, ICESCO-nyň Baş maslahatynyň 15-nji mejlisiniň netijeleriniň şu maksatlara ýetmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden başlangyçlarynyň wajyp ähmiýete eýedigini olaryň maslahata gatnaşyjylar tarapyndan doly goldanylmagy-da tassyklaýar.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatynda Türkmenistana Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynda (ICESCO) synçy derejesiniň berlendigini aýratyn bellemek möhümdir. ICESCO Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň düzüminde hereket edýän we 53 ýurdy özünde birleşdirýän ýöriteleşdirilen hökümetara guramadyr. Ynsanperwer ulgamda, aragatnaşyk babatda agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak, yslam dünýäsiniň medeni maksatlarynyň, gymmatlyklarynyň çäklerinde degişli ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmek onuň esasy wezipesi bolup durýar. Guramanyň işi agza ýurtlarda hem-de olardan daşarda halklaryň arasynda düşünişmegi pugtalandyrmagy, medeniýetleriň, ynanç-ygtykatlaryň arasynda gatnaşyklary giňeltmegi, ylym, bilim, medeniýet arkaly tutuş dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga ýardam bermegi ugur edinýär. Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş sekretary Salim Al Maligiň forumda eden çykyşynda belleýşi ýaly, 2028-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabady “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek baradaky meselä häzirden seredilýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurtlardyr halklaryň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge hem-de işjeňleşdirmäge gönükdirilen “Medeni paýtagtlar” taslamalary dürli halkara, sebit guramalarynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň şäherleri bu abraýly derejä birnäçe gezek mynasyp boldy. 2012-nji ýylda Mary şäheri, 2016-njy ýylda Daşoguz şäheri “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi. Şeýle hem Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) çözgüdine laýyklykda, 2015-nji ýylda Mary şäheri, 2024-nji ýylda Änew şäheri “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýen abraýly derejäni göterdi.

Kazan şäherinde geçirilen YHG-nyň forumynda Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden teklipleri halkara guramalaryň we beýleki köpugurly meýdançalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ozal öňe süren ynsanperwer başlangyçlarynyň logiki dowamy bolup durýar. Geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisindäki çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmek teklibini öňe sürdi. Bu başlangyç medeniýetleriň arasynda dialogy ösdürmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara gatnaşyklarda köpdilliligi goldamak boýunça Kararnamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmegi maksat edinýär.

Ynsanperwer ugur Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça strategiýasynda hem möhüm orny eýeleýär. Ol yklym ähmiýetli söwda ýoly bolmak bilen, gadymy döwürlerden bäri ählumumy medeni alyşmalaryň ýola goýulmagyna şert döredipdir. Täze taryhy şertlerde hemmetaraplaýyn özgerýän Beýik Ýüpek ýoly Gündogar bilen Günbatary, Aziýa bilen Ýewropany, bu sebitleriň halklaryny özara hormat goýmak, hoşniýetlilik ýörelgeleri esasynda özara baglanyşdyrmaga gönükdirilendir.

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda meýilleşdirilen halkara çäreler hem medeni diplomatiýanyň gurallaryny netijeli herekete getirmegi ugur edinýär. Şu ýylyň şygary döwürlerdir nesilleriň arasyndaky aýrylmaz arabaglanyşygy, Watanymyzyň saýlap alan döredijilik ýoluna ygrarlydygyny görkezýär. Gaýtalanmajak gözelligi bilen milli we umumadamzat medeniýetiniň gymmatlygy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewleri parahatçylygyň we dostlugyň ilçileri bolup durýar. Ýurdumyzyň çäginden alysda hem meşhurlyga eýe bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary abraýly halkara sylaglara, şol sanda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde her ýyl geçirilýän halkara sirk sungaty festiwalynyň baýraklaryna mynasyp boldy. Toparyň ajaýyp çykyşlary daşary ýurtly tomaşaçylary haýrana goýup, olara ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlaýar. Şeýle hem ol asyrlaryň dowamynda parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy esasy ýörelge edinýän halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmäge ýardam berýär.

Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ynsanperwer ugrunyň çäklerinde atly sport boýunça hyzmatdaşlyk arkaly sport diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp görmegi munuň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Bu ýerde at çapyşyklary geçirilip, oňa türkmen çapyksuwarlary hem gatnaşdylar. Olar ussatlygyň ýokary derejesini görkezip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ahalteke atlarynyň hormatyna goýlan baýraklary ýurdumyzyň çapyksuwarlary eýelediler. Bäsleşigiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz ýeňiji bolan türkmen çapyksuwarlaryna kuboklary gowşuryp, olary gazanan üstünlikleri bilen gutlady.

Maý aýynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiklerine, «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin Özbegistanda saparda boldy. Bu ýerde geçirilen at çapyşyklarynda we gözden geçirilişde behişdi bedewlerimiz gözelligi hem-de ýokary sport derejesi bilen baýrakly orunlara mynasyp boldular. «Gündogaryň merjeni» halkara gözellik bäsleşiginiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Aýgytly diýen bedewi onuň absolýut ýeňijisi boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Patyşa maşgalasynyň çakylygy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna amala aşyran sapary medeni hem-de sport diplomatiýasynyň özboluşly dowamy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III, Edinburgyň Gersogy Şazada Edward we onuň maşgalasy bilen geçiren duşuşyklarynda ahalteke atlarynyň dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, atçylyk, atly sport hem-de ippoterapiýa babatda hyzmatdaşlyk üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şazada Edward bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ahalteke atlary arkaly, ippoterapiýanyň kömegi bilen, mümkinçiligi çäkli çagalarda bejeriş işleriniň ylmy esasda geçirilýändigi barada gürrüň berdi.

Saparyň dowamynda Milli Liderimiz Windzor galasyndaky abraýly atly sport çykyşlaryna tomaşa etdi. Bu ýerde geçirilen bäsleşiklere dünýäniň 20 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan atşynaslar bedewleri bilen gatnaşdylar. Şeýle hem çäräniň geçirilýän ýerinde ahalteke atlaryna we türkmen halkynyň gadymdan gelýän atçylyk däplerine bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy.

Dünýä halklarynyň medeni we ruhy mirasy köpöwüşginliligi bilen umumadamzat gymmatlyklarynyň baý genji-hazynasyny emele getirýär. Gaýtalanmajak gymmatlyklary gorap saklamak, öwrenmek we wagyz etmek, geljek nesillere ýetirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýän Türkmenistan parahatçylygy, dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň, açyklygyň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň möhüm binýady hökmünde ählumumy ynsanperwer giňişligi döretmäge goşant goşýar.

Soňky habarlar
21.05
Medeniýetara dialogy ilerletmek — parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti
20.05
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi
20.05
Türkmenistan — FAO: innowasiýalar azyk bolçulygynyň bähbidine
19.05
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bellenilýän ýylda täze sepgitlere tarap
19.05
Paýtagtymyzda Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň parlament agzalarynyň V forumy geçirildi
18.05
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
18.05
Esasy Kanunymyzyň we ýaşyl baýdagymyzyň hormatyna baýramçylyk konserti
18.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 66 müň dollaryndan gowrak boldy
18.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
18.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow