Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aşgabatda täze binalaryň nobatdaky tapgyry - 14 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş düzümine degişli desgalaryň açylyş dabaralary boldy
Jemgyýet
Aşgabatda täze binalaryň nobatdaky tapgyry - 14 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş düzümine degişli desgalaryň açylyş dabaralary boldy
Çap edildi 11.02.2017
1850

Aşgabatda täze binalaryň nobatdaky tapgyry - 14 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş düzümine degişli desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Ýüzlerçe maşgalalar Parahat-7 kiçi etrapçasynda we Abadan etrabynda gurlup ulanmaga berlen ýaşaýyş jaýlaryna göçüp geldiler. Şeýle hem paýtagtymyzyň Atatürk köçesiniň ugrunda çörek we çörek önümleri dükanynyň täze binasy hem gapylaryny giňden açdy. Şu ylyň ýanwar aýynda üç derejeli köp zolakly awtomobil köprüsi, paýtagtymyzyň N.Andalyp köçesiniň ugrundaky çatryklarda “Dowamat” we “Alaw” atly özboluşly binalar guruldy. Munuň özi paýtagtymyzyň ýol-ulag düzüminiň w binagärlik çözgüdiniň döwrebap derejede kämilleşdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Şeýle hem ýanwar aýynda Aşgabadyň günorta-gündogarsynda emele gelýän döwrebap zolakda Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda dört sany köpöýli belent ýaşaýyş jaýlary, çagalar bagy bina edildi. Şu gün bolsa Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda, şeýle hem Abadan etrabynyň çäginde nobatdaky täze binalaryň açylyş dabaralary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň öňüsyrasynda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk çärelerine utgaşdy. Toplumda 54 öýi bolan ýokary gatly 4 we 36 öýli dört sany ýaşaýyş jaýlary bina edildi. Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda bina edilen jaýlaryň gurluşygyny “Mynasyp zamana”, “Altyn” we “Oguz ýol” hojalyk jemgyýetleri ýerine ýetirdiler. Olarda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri, täzeçil usulllar we häzirkizaman tehnikalary peýdalanyldy. Paýtagtymyzyň Abadan etrabyndaky Ahal köçesiniň ugrunda peýda bolan alty sany täze dört gatly ýaşaýyş jaýlary amatlylyk babatda ýokary ülňülere laýyk gelýär. Jaýlaryň gurluşygyny Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda “Aşgabatgurluşyk” önümçilik birleşiginiň gurluşykçylary ýerine ýetirdiler. Jaýlaryň her birinde üç we iki otagly, göwnejaý enjamlaşdyrylan 32 öý ýerleşýär. Binalaryň ýanaşyk ýerleri degişli derejede abadanlaşdyrylypdyr. Şeýle hem paýtagtymyzyň Atatürk köçesiniň ugrunda “Tagamly çörek” ady bilen emele gelen ak mermerli üç gatly dükan şäher ilaty üçin ajaýyp sowgat boldy. Şu gün täze dükan dabara gatnaşyjylary ýörite bölümde taýýarlanylan çörek önümleri bilen garşylady. Munuň özi diňe bir söwda bilen meşgullanman, eýsem önümçiligi alyp barýan ulgamyň döwrebap nusgasy bolup durýar. Binanyň birinji gatynda günde 4,16 tonna dürli görnüşli çörek önümlerini taýýarlamaga ukyply kiçi kärhana hereket edýär. Onda ýokary tehnologiýaly we döwrebap enjamlar ornaşdyrylyp, olaryň güýji bilen önümi taýýarlamagyň ähli ulgamy ýokary derejede amala aşyrylýar. Önümçilik işine wagty, enjamyň gyzgynlygyny, önümiň çyglylygyny we tehnologiki ölçegleri kesgitleýän kompýuter arkaly gözegçilik ýola goýlupdyr. Bu ýerde türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen bugdaýdan ýokary hilli önümleriň 50-den gowrak görnüşi taýýarlanylýar. Olaryň hatarynda dürli görnüşli çörek we bulka önümleri, bally hem-de gaýmakly bulkalar, berhiz saklaýanlara niýetlenen çörekler öndürilýär. Dükanyň ikinji gatynda 50 orunlyk çaýhana bolup, onda hyzmatyň ýokary derejesi ýola goýlupdyr. Bu ýerde dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan “Melhem çayy” atly tagamly içgi we täze taýýarlanylan süýji kökeler hödürlenýär. Şeýle hem şu gün paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde açyk görnüşli täze ulag duralgasy ulanmaga berildi. Mundan başga-da, şäheriň Berkararlyk etrabynyň çägindäki Kärdeşler arkalaşyklarynyň seýilgähiniň durky doly täzelenildi.

Soňky habarlar
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
18.11
Parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak we netijeli hyzmatdaşlyk — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgeleri
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
17.11
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
17.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 811 müň dollaryndan gowrak boldy
16.11
Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy: gün tertibinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy
16.11
Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy
top-arrow