Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Halklary ýakynlaşdyrýan köpri
Medeniýet
Halklary ýakynlaşdyrýan köpri
Çap edildi 16.07.2026
1597

Şu günler hormatly Prezidentimiziň Gruziýa amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günleri geçirilýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetiren bu medeni çäre iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň täze derejä çykýandygyny görkezýär.

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy milli amaly-haşam sungatynyň eserlerinden ybarat bolan giň möçberli sergi bilen utgaşdy. Onda muzeý gymmatlyklaryna, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň eserlerine orun berildi. Munuň özi sergä gatnaşyjylaryň türkmen halkynyň özboluşlylygy, asylly ýörelgeleri bilen tanyşmagy üçin amatly mümkinçilik boldy.

Açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylýan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ilerlemegine giň ýol açýandygy nygtaldy. Şunda medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edilýär. Bu bolsa iki ýurduň halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna, birek-biregiň däp-dessurlary bilen tanyşmaklaryna oňyn täsirini ýetirýär. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, dostlukly ýurtda geçirilýän Medeniýet günleriniň hormatly Prezidentimiziň Gruziýa amala aşyrýan döwlet saparyna gabat gelmeginde çuňňur many bar. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini äşgär edýär.

Medeni forumyň çäklerinde iki ýurduň döredijilik we kitaphana işgärleriniň duşuşygynyň geçirilmegi onuň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi. Olarda häzirki döwürde özara tejribe alyşmak we degişli ugurlar boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Soňra medeni çäre Türkmenistanyň we Gruziýanyň teatr ýolbaşçylarynyň duşuşyklary bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň teatr işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ägirt uly geljegi bar. Sahna ussatlarynyň duşuşygynda häzirki zaman teatr sungatynyň ýeten derejesi, ony mundan beýläk-de ilerletmegiň meseleleri barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýetiniň agzalary Tbilisi şäheriniň gözel ýerlerinde gezelenç edip, täsirli pursatlardan wideoýazgylary taýýarladylar. Munuň özi Medeniýet günleriniň maksatnamasynyň köpugurly häsiýete eýedigini görkezýär.

Ýurdumyzyň Gruziýadaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli taýýarlanan aýdym-sazly çykyşlar has-da joşgunly bolup, konserte gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Aýdymçylaryň, sazandalaryň, tans toparlarynyň sazlaşykly çykyşlary konsertiň baý many-mazmuna eýe bolmagyny şertlendirdi. Aýratyn-da, türkmen estrada ýyldyzlarynyň gruzin aýdymlaryny ýerine ýetirmekleri dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Joşgunly aýdym-sazlar hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklaryň, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini subut etdi.

Türkmen artistleriniň, estrada ýyldyzlarynyň, tans hem-de folklor toparlarynyň sazlaşykly çykyşlary konserte özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Konsertiň ahyrynda aýdymçylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdymynyň ýaňlanmagy has-da täsirli boldy.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günleri dowam edýär.

Soňky habarlar
04.09
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi
03.09
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine maýa goýumlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow