Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
Medeniýet
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
Çap edildi 26.09.2026
19

Şu gün paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Dabara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagy onuň ähmiýetini we derejesini has-da artdyrdy.

Berkarar döwletimiziň iň täze taryhy, bedew badyna deňelýän ösüşlerimiz we üstünliklerimiz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. Watanymyzyň iň täze taryhynda ýurdumyzda dünýä ýaň salan ägirt uly işler bitirilip, ähli ugurlarda asyrlara barabar ýol geçildi. Özygtyýarly ösüş ýolunda geçilen bu döwürde Garaşsyz Türkmenistan dünýäde belent abraýa eýe bolup, halkara giňişlikde parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň, dost-doganlygyň merkezine öwrüldi.

...Mejlisler merkeziniň öňünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylanyldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda uly özgerişler bolup geçdi. Döwlet Garaşsyzlygymyz ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, müňýyllyklardan gözbaş alyp, nesilden-nesle geçip gelýän parahatçylyk, dostluk we belent ynsanperwerlik däplerimizi Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrmaga mümkinçilik berdi. Geçen 35 ýylyň dowamynda mähriban halkymyzyň jebisligine, agzybirligine, ägirt uly döredijilik we zähmet başlangyçlaryna, ýurdumyzyň kuwwatly mümkinçiliklerine daýanylyp, berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen, hemmetaraplaýyn oýlanyşykly maksatnamalar üstünlikli amala aşyryldy. Ykdysadyýetiň milli nusgasy döredilip, bu ugurda ýokary netijeler gazanylýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda giň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi, onda Watanymyzyň ösüşi üçin möhüm çözgütleriň kabul edilmegi halkymyzyň: “Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris” diýýän hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, nurana şu gününi we geljegini döredýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

...Mejlisler merkezinde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabarasyna şeýle hem Hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilleri, talyplar, şeýle-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyzy ýygnananlar uly ruhubelentlik, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz hemmeleri mübärekläp, bellenilen ýere geçdi.

Ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň ajaýyp waspnamasyna öwrüldi. Watançylyk mazmunly, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerine bagyşlanan aýdymlar konsert çykyşlarynyň başyny başlap, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini şöhratlandyrdy.

Sazandalaryň, meşhur halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň, çagalar döredijilik toparlarynyň ajaýyp çykyşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ýeten sepgitlerini aýdyň şöhlelendirdi. Watanymyzyň iň täze taryhyna şöhratly sahypalary ýazýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan beýik döwrümiziň gazananlaryny wasp edýän aýdymlar ajaýyp pursatlary bagyşlady. Çünki Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hut halkymyzyň agzybirligi, ägirt uly döredijilik kuwwaty, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýokary depginde sazlaşykly ösýän döwlete öwrüldi.

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, şeýle hem Arkadag şäherinde, welaýat, etrap merkezlerinde, güneşli Diýarymyzyň her bir künjeginde halkyň medeni-ýaşaýyş derejesi ýokarlanýar, ilatyň durmuş üpjünçiligini has-da gowulandyrýan, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, saglyk we medeniýet öýleriniň, sport merkezleriniň, dolandyryş we edara jaýlarynyň, halk hojalyk we senagat ähmiýetli desgalaryň, ýollaryň sany artýar. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň düýpli özgerýän keşbi, halkymyzyň bagtyýarlygy gurýan we döredýän döwletimiziň döredijilik kuwwatyny has-da äşgär edýär. Konsertiň dowamynda Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan bu üstünlikleri joşgunly aýdym-sazlaryň we şekilleriň üsti bilen beýan edildi.

Halkymyzyň ençeme müňýyllyk taryhy ýelden ýüwrük behişdi bedewler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewi Watanymyzyň döredijiligiň we gülläp ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly gadamlarynyň, halkymyzyň döredijilik paýhasynyň, milli mirasymyzyň dowamatlylygynyň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Bedewiň ajaýyp keşbiniň milli döwletliligimiziň nyşany bolan Döwlet tugrasynyň merkezinde orun almagy muny aýdyň görkezýär. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy giňden bellenilýän şu ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy hem çuňňur mana eýedir. Munuň özi Garaşsyz Watanymyzyň belent sepgitlerini, gazanýan üstünliklerini milli gymmatlyklarymyzyň üsti bilen dünýäde tanatmaga ajaýyp mümkinçilik boldy. Ýurdumyzda we daşary döwletlerde ýylyň şygaryna bagyşlanyp köp sanly möhüm ähmiýetli çäreler geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen “Bedew” atly aýdymyň ýerine ýetirilmegi Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly ýyllarynda bedew badynda gazanan üstünlikleriniň ajaýyp waspnamasyna öwrüldi. Ganatly bedewlerimizi wasp edýän bu aýdymyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň Watanymyzyň täze taryhyna ýazylýan ajaýyp wakalaryny görkezýän wideoşekiller bilen utgaşmagy has-da täsirli boldy.

Baýramçylyk dabarasynyň baý döredijilik keşbinde häzirki zaman türkmen sungatynyň özboluşlylygy, onuň žanrlarynyň köpugurlylygy, däp-dessurlaryň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlar ýakymly owazy, çuň manyly sözleri bilen diňleýjileriň ählisiniň kalbyna ornaşyp, olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalarynyň dowamly bolmagy hem muny aýdyň görkezdi.

Konsert maksatnamasynda ýurdumyzyň estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde söýgi aýdymlaryna, dünýä halklarynyň naýbaşy aýdym-saz eserlerine hem möhüm orun berildi. Hemmeleriň göwnüni joşa getirýän «Küştdepdi» konsertiň aýratyn bezegine öwrüldi.

Dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdym baýramçylyk konsertiniň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň döreden bu ajaýyp aýdymy tutuş halkymyzy bedew batly ösüşlere we maksada okgunlylyga ruhlandyrýan özboluşly sena bolup ýaňlandy. Bu joşgunly aýdym şeýle hem halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda nurana geljege tarap okgunly öňe barýan Watanymyzyň häzirki bagtyýar döwrüne buýsanjynyň beýanydyr.

Soňra bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli asylly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, hemmeleri ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi bilen gutlady hem-de olara üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow