Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Medeni diplomatiýa — özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň binýady
Medeniýet
Medeni diplomatiýa — özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň binýady
Çap edildi 08.10.2026
39

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara çärelere gatnaşýan döwlet Baştutanlary we belent mertebeli myhmanlar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň milli tagamlarynyň festiwalyna gatnaşdylar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň medeniýetleri özboluşly aýratynlyklara eýe bolmak bilen, olary taryhyň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde bu ýurtlar baý medeni mirasyny, şol sanda milli aşhana däplerini gorap saklamak hem-de wagyz etmek ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýärler. Şu günki dabara bu doganlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, olaryň halklarynyň taryhy, baý medeni mirasy bilen tanyşmaga gönükdirilen, medeni diplomatiýany ösdürmek üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz hem-de belent mertebeli myhmanlar türkmen halkynyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylanyldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz hem-de ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň sergi bölümleri bilen tanyşdylar. Bu sergi geçmiş bilen şu günüň arasyndaky köpriniň aýdyň nyşany bolmak bilen, medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmekde täze mümkinçilikleri açýar. Her ýurduň sergi meýdançasynda şol ýurtlaryň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde çykyşlar hem ýaýbaňlandyryldy.

Her bir sergi meýdançasynda ýörite taýýarlanylan ýerde myhmanlara ussat aşpezler tarapyndan tagamlar hödür edildi. Munuň özi dostlukly ýurtlaryň aşpezlik däpleriniň baýlygy we dürlüligi bilen tanyşmak, bu ýurtlaryň halklarynyň milli aşhanalary arkaly olaryň taryhy, medeniýeti we ýaşaýyş-durmuşy bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy.

Dostlukly ýurtlaryň milli tagamlarynyň sergisi, tagamlaryň tanyşdyrylyşyndan başga-da, milli aşhanalaryň bu halklaryň maddy däl medeni mirasynyň möhüm bölegi hökmündäki ähmiýetine hem bagyşlanýar. Her ýurtda dürli tagamlar ýörite däp-dessurlar, baýramçylyklar we myhmansöýerlik däpleri bilen baglanyşyklydyr. Olar diňe bir iýmit bolmak bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetiň durmuşynyň möhüm bölegidir, agzybirligiň hem-de birek-birege hormatyň nyşany, däp-dessurlary dowam etdirmegiň we nesilleriň arasyndaky gatnaşyklary berkitmegiň serişdesidir.

Soňra hormatly Prezidentimiz hem-de ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary Türkmenistanyň sergi meýdançasyna geldiler. Bu ýerde myhmanlar ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlaryna tomaşa etdiler hem-de “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyň esasynda milli tagamlaryň taýýarlanylyşyny, gök-bakja we miwe önümleriniň, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini synladylar.

Mälim bolşy ýaly, milli desterhan türkmen medeniýetiniň iň möhüm binýatlarynyň biridir, onda özboluşly halk däp-dessurlary öz beýanyny tapýar. Türkmen aşpezleri halkyň köpasyrlyk aşpezlik däplerini, saçagy bol bezemegiň we tagam taýýarlamagyň usullaryny aýawly saklap gelýärler. Türkmen halkynyň milli tagamlary öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar, dürli-dürlüligi we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Tagam taýýarlamak medeni durmuşyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we myhmansöýerligiň möhüm dessury bolupdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzda nahar taýýarlamagyň gadymy däpleri gaýtadan dikeldilýär. Şeýle hem däp bolan usullar bilen täze ýörelgeleriň utgaşmagynda özboluşly täze tagamlar döredilýär. Bu babatda “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyň ähmiýetini bellemek gerek. Kitapda milli tagamlar barada giňişleýin maglumat berilýär.

Şeýle hem sergide bakja, miwe, ter gök önümleriň, ir-iýmişleriň dürli görnüşleri bar. Munuň özi türkmen topragynda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmakda, içerki we daşarky bazarlara niýetlenen dürli görnüşli önümleri öndürmekde hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmakda uly üstünlikleriň gazanylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Soňra türkmen halkyna mahsus myhmansöýerlik däplerine eýerilip, döwlet Baştutanymyz we wekiliýet ýolbaşçylary Türkmenistanyň sergi meýdançasynda dikilen ýörite ak öýe saçak başyna çagyryldy. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Soňky habarlar
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
08.10
Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
top-arrow