Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Bedew batly ösüşiň belent waspy
Medeniýet
Bedew batly ösüşiň belent waspy
Çap edildi 08.10.2026
27

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän giň möçberli halkara çäreleriň dowamynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda telewideniýe we kino sungatynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we sebitiň döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, 2026-njy ýyl mähriban Watanymyzda uly üstünlikler gazanylan we taryhy ähmiýeti bolan şanly wakalara beslenen ýyla öwrüldi. Bu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň uly dabaralarynyň üstüni ýetiren ajaýyp pursatlara baýdyr. Şu ýylyň dowamynda telewideniýe we kino sungatynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan metbugat maslahatyna gatnaşyjylar Hazaryň ajaýyp kenarynda mähirli kabul edilendikleri we meýilleşdirilen halkara çäreleriň guramaçylykly geçirilýändigi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza alkyş aýtdylar. Şeýle hem maslahatyň dowamynda bu ýerde ýaýbaňlandyrylan halkara çärelerde gazanylan ylalaşyklaryň we gelnen netijeleriň Türkmenistanyň täze taryhyna altyn sahypalar bolup ýazyljakdygyna ynam bildirildi.

Ýurdumyzyň teleradioýaýlymlarynyň işgärleri daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen maglumat alyşmak, halkara derejede geçirilýän media çärelerine gatnaşmak arkaly ýygjam gatnaşyklary saklaýarlar. Munuň özi degişli ugurlarda dünýäniň ösen tejribesini özleşdirmekde we düzümleriň işine häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryny, emeli aň mümkinçiliklerini ornaşdyrmakda ähmiýetli hasaplanylýar.

Şeýle hem “MIR” Döwletara teleradio kompaniýasy, “MIR-24” teleýaýlymy bilen yzygiderli gatnaşyklar ýola goýuldy. Özara maglumatlar alyşmak bolsa häzirki zaman Türkmenistanyň medeniýeti, taryhy, däp-dessurlary hem-de ýeten derejesi baradaky maglumatlar bilen halkara giňişlikde teletomaşaçylaryň tanyşmaklaryny üpjün edýär.

Işjeň hem-de netijeli ýagdaýda geçen metbugat maslahatyna gatnaşyjylar telegepleşikleri we maglumatlar alyşmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, žurnalistleriň hem-de teleradioýaýlymlaryň hünärmenleriniň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerine uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, halkara telewizion we medeni çärelere gatnaşmagyň, yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň degişli düzümleriň işini ösdürmekde ägirt uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň çeper we dokumental kinolary döretmek, milli kinematografiýa ulgamynyň baý mirasyny saklamak we wagyz etmek işleri üstünlikli dowam etdirilýär. 2026-njy ýylda ýurdumyzyň birnäçe eserleri halkara bäsleşiklere gatnaşdyryldy. Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde geçirilen “Turan” halkara kinofestiwalynda türkmen filmleri baýrakly orunlara mynasyp boldy. Mundan başga-da, türkmen kinoçylarynyň “Kompozitor” atly filmi TÜRKSOÝ halkara guramasynyň ýörite sylaglary bilen sylaglandy. Bellenilişi ýaly, halkara kinofestiwallara we medeni çärelere gatnaşmak kino sungatyny ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa kinematografiýaçylaryň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýär.

Metbugat maslahatyna gatnaşyjylar degişli ugur boýunça bar bolan meseleleriň oňyn çözgüdini tapmakda ygtybarly meýdança öwrülen şu günki halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza alkyş aýtdylar. Şeýle hem olar bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde we bu ugurda kesgitlenen wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetirilmeginde tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

* * *

Soňra «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän taryhy ähmiýetli halkara çäreleriň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň arasynda “Bedew bady: güýç hem gözellik” atly döwletara telewizion filmleriň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Munuň özi GDA-nyň çäklerinde bar bolan teleýaýlymlarda we kinostudiýalarda döredilýän filmleriň ählumumy talaplara laýyk gelmegini üpjün etmek ugrunda edilýän bilelikdäki tagallalaryň aýdyň netijesidir.

Bäsleşigiň adynyň bedew bady bilen utgaşmagynda çuňňur many bar. Bu ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça halkara derejeli çäreleriň geçirilmegine uly ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar. Munuň özi halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen bir hatarda, häzirki döwrüň ruhuna kybap gelýän täze kino eserleriniň döredilmegine giň ýol açýar.

Şeýlelikde, dabaranyň tolgundyryjy pursatlary başlanýar. Bu ýerde bäsleşige gatnaşyp, aýratyn tapawutlanan filmleriň awtorlaryna mynasyp bolan sylaglary gowşuryldy.

Gazagystan Respublikasyndan Temirbeg Amanžolyň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen “Ewa — batyr gyz” atly film üçünji baýrakly orna mynasyp boldy. Ýeňijä 3 müň amerikan dollary, heýkel we diplom gowşuryldy.

Eminler Azerbaýjan Respublikasyndan Mirsadyg Agazadeniň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen “Garabagyň altyn atlary” atly filmiň ikinji orny eýeländigini yglan etdiler. Ýeňijä 5 müň amerikan dollary, heýkel we diplom gowşuryldy.

Türkmenistandan Rahymberdi Annagulyýewiň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen “Atamdan galan” atly film bäsleşigiň birinji ornuna mynasyp boldy. Ýeňijä 7 müň amerikan dollary, heýkel we diplom gowşuryldy.

“Iň gowy telewizion film” ugry boýunça baş baýraga Russiýa Federasiýasynyň wekili, režissýor Robert Fransewiň “Ahalteke bedewi — milletiň genji-hazynasy” atly filmi mynasyp boldy. Bu abraýly baýragyň eýesiniň bäsleşigiň ýörite ýadygärlik heýkeli, diplomy, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan 10 müň amerikan dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglanylýandygy bellenildi.

Şeýlelikde, şu ýylyň möhüm wakasyna öwrülen we dünýä ýüzündäki şan-şöhraty belende göterilen ahalteke bedewleriniň waspynyň beýan edilmegine bagyşlanan bäsleşik uly dabaralar bilen jemlendi.

Mundan başga-da, Gyrgyz Respublikasyndan Nursultan Kadyrkul Uulynyň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen “Merkezi Aziýadaky iň uly –alaman” atly film eminleriň baýragyna mynasyp boldy. Ýeňijä heýkel, bäsleşigiň diplomy we telewizor gowşuryldy.

Şeýle hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm wakasyna öwrülen özboluşly bäsleşige gatnaşan beýleki režissýorlara telewizorlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýokary sylaglara we degişli baýraklara mynasyp bolanlar, ilki bilen, özlerine bildirilen hormat üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler we bu bäsleşigiň baý tejribe toplamakda, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýratyn nygtadylar.

Soňky habarlar
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
08.10
Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
top-arrow