Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumy
Syýasy habarlar
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumy
Çap edildi 05.11.2026
456

Şu gün paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Zähmetkeşleriň işleri boýunça edarasynyň bilelikde guramagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumy geçirildi. Onuň işine degişli ýurtlaryň kärdeşler arkalaşyklarynyň, zähmeti goramak we kärdeşler arkalaşyklarynyň işini utgaşdyrmak boýunça ýöriteleşen halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Ýurdumyzda zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmek häzirki döwürde zähmet we iş üpjünçilik ulgamynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu gatnaşyklaryň hukuk binýadyny pugtalandyrmakda Halkara Zähmet Guramasynyň ýörelgelerinden ugur alynýar. Mynasyp zähmet we durmuş adalatlylygyny üpjün etmek ýurdumyzda zähmet gatnaşyklaryny ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň esasy ýörelgeleri bolup durýar.

Sebitara forumda bellenilişi ýaly, sebit derejesinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bu ugurda yzygiderli tagallalary durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, kärdeşler arkalaşyklarynyň sebitara forumynyň “Merkezi Aziýa+Azerbaýjan Respublikasy” görnüşinde ilkinji gezek geçirilmeginiň taryhy ähmiýeti bellenildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň oktýabr aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda şu görnüşde döwlet Baştutanlarynyň ilkinji konsultatiw duşuşygy geçirilipdi. Munuň özi ýurtlarymyzyň döwlet we jemgyýetçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşinde hem täze tapgyry açdy. Ýeri gelende bellesek, şeýle görnüşde sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly tagallalary bar.

Maslahata gatnaşyjylar Aşgabat şäherinde sebitara möçberinde şu forumyň geçirilmeginiň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň barha ösýändigini, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygyny, durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm meselelerini bilelikde çözmekde tagalla edilýändigini görkezýändigini nygtadylar. Zähmet bazarynda bolup geçýän üýtgeşmeler, sanlylaşdyrmak, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, hünärmenleri taýýarlamak meseleleri, işgärleriň zähmet we durmuş goraglylygy kärdeşler arkalaşyklaryndan täzeçil çemeleşmeleri we ýakyn hyzmatdaşlygy talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, sebitara forumyň diňe bir özara pikir alyşmak üçin däl, eýsem, geljekki hyzmatdaşlyk üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýändigi bellenildi. Şunda ýurtlaryň ugurdaş düzümleriniň toplan tejribesi uly ähmiýete eýedir.

Forumda durmuş ugurly syýasaty üstünlikli amala aşyrýan ýurdumyzda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň alyp barýan işi barada-da aýdyldy. Türkmenistanda zähmeti ylmy esasda guramak arkaly, zähmete bolan konstitusion hukuklaryň üpjün edilişini kämilleşdirmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu ugurdaky kanunçylyk namalary halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzda milli maksatnamalarda iş bilen üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, durmuş goraglylygyny giňeltmäge we durmuş hyzmatdaşlygyna ýardam etmäge möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanda raýatlaryň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar, işgärlere berilýän ýeňillikler zähmet gatnaşyklaryny ösdürmäge, döredijilikli zähmetiň netijeliligini artdyrmaga oňyn täsirini ýetirýär. Giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde täze iş orunlary döredilip, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna sanly tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, işgärleriň mynasyp zähmet çekmegi üçin şertler döredilýär.

Duşuşykda ýurdumyzyň Halkara Zähmet Guramasy bilen yzygiderli ösdürýän hyzmatdaşlygyna hem aýratyn üns çekildi. HZG-niň konwensiýalaryndan gelip çykýan borçnamalara ygrarly bolan ýurdumyz halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýar. Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksde, Zähmet kodeksinde, «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda we beýleki kanunçylyk namalarynda HZG-niň konwensiýalaryndan gelip çykýan kadalar öz beýanyny tapýar. Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi işgärleriň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, durmuş adalatlylygyny goldamak, zähmet şertlerini gowulandyrmak işinde möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Bu ugurda degişli jemgyýetçilik guramalary we döwlet edaralary tarapyndan alnyp barylýan işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan has-da ösmeginde, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Zähmetkeşleriň işleri boýunça edarasynyň hem-de Halkara kärdeşler arkalaşyklarynyň konfederasiýasynyň wekilleri sebit we sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýurdumyzyň tagallalaryna ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi ýurtlaryň halklarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy üçin meseleleriň oňyn çözülmegine ýardam edýär.

Kärdeşler arkalaşyklarynyň işiniň esasy wezipesi iş berijileriň we döwlet edaralarynyň öňünde işgärleriň bähbitlerine wekilçilik etmekden, zähmet kanunçylygynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmekden hem-de zähmet şertlerini gowulandyrmakdan ybaratdyr. Adamyň hukuklaryna hormat goýmak, amatly zähmet şertlerini döretmek, iş bilen üpjünçiligi gowulandyrmak, ykdysady durnuklylygyň berkidilmegi durmuş adalatlylygynyň esasyny düzýän gymmatlyklardyr.

Maslahatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň degişli ugurda ýeten sepgitleri barada-da giňişleýin durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, olaryň işini ösdürmekde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça gazanylan üstünlikler, işgärleriň zähmet hukugy babatda bilimlerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler duşuşyga gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem sebit ýurtlarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Goňşy ýurtlaryň wekilleri sebitiň döwletleriniň ilatynyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmeginde kärdeşler arkalaşyklarynyň utgaşykly işiniň mümkinçiliklerini bellediler. Şunda hünärmenleriň hünär derejesini artdyrmakda, özara okuwlary guramakda sebit ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirilýär. Iş üpjünçilik, zähmetkeşleriň hukuklaryny we bähbitlerini goramak ulgamynyň kämilleşdirilmegi babatda özara hyzmatdaşlyk Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam edýär. Çykyş edenler ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri, innowasion tehnologiýalary we ykdysady taýdan netijeli çözgütleri kabul etmekde dünýä döwletlerinde ileri tutulýan ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny yzygiderli öwrenmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleri türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, ak mermerli Aşgabatda meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Sebitara forumyň çäklerinde Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygynyň ýolbaşçylygynda Kärdeşler arkalaşyklarynyň pudaklaýyn geňeşleriniň başlyklarynyň we bölüm müdirleriniň Azerbaýjan Respublikasynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Konfederasiýasynyň başlygy we wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda kärdeşler arkalaşyklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara tejribe alyşmak we bilelikdäki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Soňky habarlar
06.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylara
05.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
05.11
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumy
04.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
04.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynda awtomobil ýolunyň, senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Balkan welaýatynda täze awtomobil ýolunyň açylyş dabaralaryndaky ÇYKYŞY
04.11
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän toplum gurlar
04.11
Zähmet ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
04.11
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
top-arrow