Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aşgabatda ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri ugrunda çäresi geçirildi
Jemgyýet
Aşgabatda ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri ugrunda çäresi geçirildi
Çap edildi 28.02.2017
1901

Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Sagdyn jemgyýet-berkarar döwlet” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Sagdyn durmuş ýörelgesine, adamzadyň ählumumy meselesine—tutuş dünýäde neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we neşekeşlige garşy göreşmek meselesine bagyşlanan duşuşyk Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guraldy. Duşuşyga degişli ministrlikleriň hem-de edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary we orta okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlaryň belleýşi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň neşekeşlige garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak ýaly ählumumy meselä aýratyn üns bermegi ýurdumyzda, netijesinde ösüp gelýän nesli ýaramaz endiklerden goramak üçin ilkinji nobatda, ýaşlaryň arasynda giň gerimli düşündiriş—aň-bilim hem-de öňüni alyş çäreleri geçirilýär. Ilat bilen geçirilýän işlere hukuk goraýjy hem-de saglygy goraýyş edaralary, jemgyýetçilik guramalary, bilim ulgamynyň edaralary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri işjeň çekilip, olar, öz nobatynda, dünýä möçberindäki bu nägehana garşy göreşe hemmeleriň gatnaşmalydygyny düşündirýärler, çünki abadançylygymyz we rowaçlygymyz biziň her birimize baglydyr. Ilatyň saglygy—bu döwletiň möhüm serişdesidir. Çünki saglykda diňe adamyň we maşgalanyň abadançylygy däl-de, eýsem ýokary zähmet kuwwatynyň zerur şerti, medeniýet derejesiniň görkezijisi, döwleti dolandyrmagyň netijeliliginiň has aýdyň ölçegleri jemlenendir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş syýasatynyň esasyny hem ykdysady bähbitler däl-de, eýsem, ozaly bilen, ruhy-ahlak pikirler we maksatlar düzýär. Ähli durmuş maksatnamalary şondan ugur alnyp düzülýär, olaryň arasynda köpçülikleýin-sagaldyş häsiýetli çärelere aýratyn orun berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň, ozaly bilen, ösüp gelýän nesliň saglygyny goramak döwlet ähmiýetli wezipe hökmünde kesgitlenip, ýurdumyzda neşekeşlige garşy göreşmäge hem-de tutuş dünýä üçin zerur bolan meseläni aradan aýyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge gönükdirilen maksatnamalar kabul edildi we yzygiderli amala aşyrylýar. Duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýaş nesliň bagtly we abadan durmuşda ýaşamagy, mynasyp bilim almagy hem-de dürli hünärleri özleşdirmegi, zähmet çekmegi we dynç almagy, sport bilen meşgullanmagy, saglygyny berkitmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Olar milli Liderimizi ýaş türkmenistanlylaryň mundan beýläk-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik özgertmeleri durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşjakdygyna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow