Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Eýranyň işewür toparlary Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler
Jemgyýet
Eýranyň işewür toparlary Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler
Çap edildi 02.03.2017
1654

Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň XIII ýöriteleşdirilen sergisi öz işini tamamlady. Ol ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Paýtagtymyzda yzygiderli geçirilýän ykdysady forum türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň uly kuwwatyny hem-de hyzmatdaşlaryň söwda, ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanmasyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Nobatdaky Aşgabat sergisinde Eýranyň durli senagat merkezlerinden bolan öňdebaryjy iri kompaniýalaryň—döwrebap tehnikalary we enjamlary, şol sanda nebitgaz, oba hojalygy, lukmançylyk pudaklary üçin enjamlary, gurluşyk serişdelerini we himiýa önümlerini, metal önümlerini, awtoulaglary hem-de durmuşda ulanylýan harytlary, azyk önümlerini we beýleki zatlary öndürýän kompaniýalaryň 40-dan gowragy tanyşdyrdylar. Olar türkmen bazarynyň önümleriň hiline bildirýän talaplaryna kybap gelýär. Serginiň işiniň barşynda geçirilen tanyşdyrmalara işjeň gatnaşanlaryň hatarynda öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlar bolup, olar ýurdumyz bilen özara gatnaşyklaryň uly oňyn tejribesini topladylar. Olaryň hatarynda «Petroleum Equipment Industries Company», «Iran Spiral Co.», «Mashhad Baking Industries Co.», «Vala Polymer Co.», «Nick Mahzar», «Khoshnam khorasan», «Sane Mashhad Ispadana Co. Ltd» kompaniýalary we beýlekiler bar. Şeýle hem sergide Eýranyň “IKCO” kysymly awtoulaglary Eýranda ýygnalýan “Peugeot” awtoulaglary görkezildi. Eýran halkynyň özboluşly amaly sungatynyň önümleri, özboluşly sowgatlyklar serginiň milli öwüşgünini artdyrdy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň işgärleriniň hem-de olaryň Eýran Yslam Respublikasyndan bolan kärdeşleriniň işewür hyzmatdaşlyk etmeginde geçirilen üç günlük serginiň çäklerinde Sergiler merkeziniň meýdançalarynda türkmen we eýran önüm öndürijileriniň, bilermen-ykdysadçylarynyň, marketing boýunça hünärmenleriň, söwda boýunça telekeçileriň köpsanly duşuşyklary we gepleşikleri geçirildi. Serginiň işiniň çäklerinde guralan türkmen-eýran işewürler maslahaty hem Eýran Yslam Respublikasynyň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge bildirilýän islegini aýdyň görkezdi. Oňa taraplaryň hünärmenleri, menejerleri, bazary seljerijiler gatnaşdylar. Forumda işewür gatnaşyklary ösdürmek boýunça täze teklipler beýan edildi, geljegi uly taslamalara seredildi. Olar ýurdumyzyň köpýyllyk hyzmatdaşlary, şeýle hem türkmen bazaryna çykmaga we bu ýerde öz önümlerini ýerlemäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalar tarapyndan hödürlendi. Serginiň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Olar onda görkezilen myhmansöýerlik hem-de forumy ýokary derejede geçirmäge berlen goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Soňky habarlar
18.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
18.02
Sanly ykdysadyýet — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti
18.02
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.02
Türkmenistanda Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
17.02
Ýylyň şygary Watanymyzyň ösüşiniň hatyrasyna belent sepgitlere ruhlandyrýar
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
16.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
top-arrow