Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlagy
Jemgyýet
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlagy
Çap edildi 08.03.2017
1786

Eziz eneler! Mähriban gelin-gyzlar! Sizi joşgunly baharyň gül açýan – tebigatyň lälezar görnüşe dolup, dag-derelerimiziň gül-güläleklere beslenýän, Hydyr gören çöllerimiziň heýjana gelip, kalplarymyzy joşa getirýän ajaýyp paslynda dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňiziň durmuşyňyzyň mylaýym bahar pasly ýaly elmydama owadan we nurana bolmagyny, berk jan saglygyny, maşgala ojaklaryňyzyň abadançylygyny we bagtyýarlygy arzuw edýärin! Halkymyzyň «Zenan begense, Zemin begener» diýen ajaýyp pähimi bar. Siziň şatlygyňyz, Siziň begenjiňiz ýurdumyzyň abatlygydyr, abadanlygydyr. Siziň ýylgyryşyňyz ulus-ilimiziň egsilmez bagtyýarlygydyr. Nurana baharlar sizden görk alandyr. Şirinden-şirin aýdym-sazlar sizden owaz alandyr. Sizde bu ajaýyp tebigatyň ähli gözelligi jemlenendir. Gözümiziň guwanjy, edep-ekramly gyzlarymyz halkymyzyň buýsanjydyr. Öý-ojagyna wepaly gelinler buýsanç baýdagydyr! Şonuň üçinem, biz mähriban enelerimiziň, bägül kimin gelin-gyzlarymyzyň sarpasyny hemişe belent tutýarys. Sizi ýaşaýşyň gözbaşyna, durmuşymyzyň bezegine deňeýäris. Sebäbi, bu dünýäniň päkligi hemişe siziň kalbyňyzdadyr. Biziň ähli maksatlarymyz, amala aşyrýan işlerimiz ýurdumyzda abadan, bolelin we parahat durmuşy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Asuda durmuş bolsa, ähli eneleriň köňül arzuwydyr, maksat-myradydyr. Zenanlar öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy bolmak bilen bir hatarda, ähli ugurlarda yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzy özgertmäge hem mynasyp goşant goşýarlar. Siziň baý ruhy dünýäňiz, köňül gözelligiňiz ajaýyp şygryýetde, inçe sungatda has-da aýdyň beýanyny tapýar. Siziň döredýän eserleriňiz kalbymyzy joşa getirip, ýaşaýşa hyjuwymyzy has-da artdyrýar. Siziň şygyrlaryňyzda dagdan şaglap inen çeşmeleriň şirinligi, lälezar sähralarda açylan gülleriň gözelligi bar. Siziň hoş owazly aýdymlaryňyzda döwrüň belent owazy bar. Joşgunly derýalaryň öz kenarlaryny gözellige besleýşi ýaly, siziň döredýän eserleriňiz durmuşymyzy özelleşdirýär. Ylhamyňyz hemişe joşup dursun! Aslynda, iň beýik şahyrlar enelerdir. Iň beýik aýdymçylar hem enelerdir. Olar hoş owazly hüwdüleri bilen nesilleri terbiýeleýärler, perzentleriniň gursagyna iň gowy duýgulary guýýarlar. Ene kalbynyň päkligi, mähremligi biziň dünýämizi, öý-ojagymyzy nurlandyrýar. Şoňa görä-de, mukaddeslik hökmünde hormatlap, biz eziz enelerimizi Käbä deňeýäris. Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň şeýle ajaýyp setirleri bar: «Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama, Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa...» Mähriban eneler, hormatly gelin-gyzlar! Berkarar döwletimiz mundan beýlägem hemişe siziň sarpaňyzy belent tutar! Ýüzüňiz hemişe bahar gülleri ýaly gülüp dursun! Kalbyňyz hemişe derýa kimin joşgunly bolsun! Durmuşyňyz ýaz ýaly owadan we gözel bolsun! Sizi bahar paslynda bellenýän Halkara zenanlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Soňky habarlar
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
17.11
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
17.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 811 müň dollaryndan gowrak boldy
16.11
Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy: gün tertibinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy
16.11
Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary bilen bardy
15.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy
top-arrow