Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň klinikalarynda öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyryldy
Jemgyýet
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň klinikalarynda öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyryldy
Çap edildi 10.03.2017
2844

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýanyndaky döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi hem-de Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi açylmaga taýýar edildi. Lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň bu düzümleri ýurdumyzyň lukmançylyk ylmyny we tejribesini ösdürmekde, saglygy goraýyş edaralary üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmekde möhüm orun eýeleýär. Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň esasy wezipeleriniň biri ýokary hünärli ýöriteleşdirilen keseliň öňüni alyş – bejeriş kömegini bermekden, ylmy we okuw-usulyýet işini alyp barmakdan ybaratdyr. Merkez çagalar, terapewtiki, ortopediýa hem-de hirurgiýa, stomatologiýa ulgamynda diplomdan soňky taýýarlygyň kliniki binýady bolup durýar. Ol “Sirona” german kompaniýasynyň we beýleki ösen ýewropa döwletlerinde öndürilen öňdebaryjy stomatologiýa bejeriş-anyklaýyş enjamlary we lukmançylyk okuw esbaplary bilen üpjün edildi. Uniwersitetiň Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň işiniň esasy ugurlary bolsa göz kesellerini anyklamak we bejermek, ylmy-barlag, okuw-usulyýet we maslahat beriş işlerini alyp barmak bilen baglydyr. Merkez Ýewropanyň esasy önüm öndürijileriniň – GFR-iň, Çehiýanyň we beýleki ýurtlaryň döwrebap lukmançylyk tehnikasy, göz kesellerini bejeriş-anyklaýyş enjamlary hem-de lukmançylyk okuw esbaplary bilen üpjün edildi. Döwlet lukmançylyk uniwersiteti hem-de onuň düzümine girýän edaralar pudagyň hünärmenleri taýýarlamak kuwwatynyň yzygiderli artdyrylmagyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Milli saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmeler netijeli häsiýete eýe bolup, täze lukmançylyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň ýokary netijeleri gazanmaga, dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Döwrebap hassahanalar we ylmy-kliniki merkezler, dürli lukmançylyk hem-de şypahana – bejeriş edaralary munuň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda olar enjamlaşdyrylyşy hem-de hödürleýän hyzmatlary boýunça dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýär.

Soňky habarlar
18.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
18.02
Sanly ykdysadyýet — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti
18.02
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.02
Türkmenistanda Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
17.02
Ýylyň şygary Watanymyzyň ösüşiniň hatyrasyna belent sepgitlere ruhlandyrýar
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
16.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
top-arrow