Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aşgabatda, “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy açylyp ulanmaga berildi
Jemgyýet
Aşgabatda, “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy açylyp ulanmaga berildi
Çap edildi 19.03.2017
2071

Şu gün paýtagtymyz Aşgabadyň günorta-gündogarsyndaky Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň10-sy -- 3 sany 54 öýli, 7 sany 36 öýli jaýlar ulanmaga tabşyryldy. Şäheriň «Парахат-7» iri ýaşaýyş toplumy birnäçe “bölümleri” -- «Парахат-7/1», «Парахат-7/2», «Парахат-7/3» ýaşaýyş jaýlaryny özünde jemleýär. Birnäçe ýylyň içinde «Парахат-7/1», «Парахат-7/2» kiçi etrapçalarda dokuz gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 48-si bina edildi, zerir bolan düzümler döredildi – söwda merkezleri, çagalar baglary, Saglyk öýleri, medeni-köpçülikleýin çäreler üçin meýdançalar, çagalaryň oýun we sport meýdançalary, köpgatly duralgalar we beýleki dasgalar guruldy. «Парахат-7/3» kiçi etrapçasynda häzirki wagtda iki müňe golaý öýleri özünde jemleýän binalaryň 27-si gurulýar. Bu ýerde 600 orunlyk mekdebiň, 160 orunlyk çagalar bagynyň, metjidiň, iki sany söwda merkeziniň we awtoduralganyň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Bu kiçi etrapçada eýýäm 108 öýli iki sany hem-de 36 öýli bir ýaşaýyş jaýlary guruldy we maşgalalar göçüp geldiler. “Parahat-7”-de ýaşaýyş jaý gurluşygynyň üçünji tapgyrynda jaýlar bitewi ýerine ýetirilişinde diwarlaryň bloklar arkaly dikeldilmegi bilen bina ediler. Burçlaýyn görnüşdäki toplumlaryň öýleriniň 54-sinde iki otagly öýleriň meýdany 94 inedördül metre, üç otagly öýleriň meýdany 123 inedördül metre, dört otagly öýleriňki bolsa 144 inedördül metre deň bolar.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow