Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Katar Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň çäklerinde geçirilýän at çapyşyklaryň sylag gaznasyny döretmäge gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi
Jemgyýet
Katar Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň çäklerinde geçirilýän at çapyşyklaryň sylag gaznasyny döretmäge gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi
Çap edildi 08.04.2017
1966

Soňky ýyllarda ahalteke bedewleriniň tohumyna bütin dünýäde gyzyklanma has artdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we şahsy howandarlygynda Türkmenistanda milli atşynaslyk ýörelgelerini gaýtadan dikeltmek, ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek, seçgi-tohumçylyk işini geçirmek arkaly ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny saklamak we gowulandyrmak, olaryň genofonduny gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan giň möçberli işleriň netijesidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Naser bin Al Taniden gelip gowşan hat hem ahalteke bedewlerine dürli ýurtlarda gyzyklanmanyň barha artýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy. Ol milli Liderimizi ýetip gelýän Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutlady. Gutlagda şeýle diýilýär: “Siziň Alyhezretiňiziň türkmen bedewlerine berýän netijeli ünsüňiz, arassa ganly ahalteke bedewlerini ösdürmek we saklamak boýunça edýän ägirt uly tagallalaryňyz türkmen bedewlerine bildirýän söýgiňizde äşgär duýulýar. Siziň Alyhezretiňiz, maňa Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň çäklerinde guralýan at çapyşyklarynda baýraklary tassyklamak üçin “Türkmen atlary” Döwlet birleşiginiň hasabyna ABŞ-nyň 500 müň dollary möçberindäki pul serişdesini geçirmäge rugsat ediň. Siziň paýhasly syýasatyňyz netijesinde ahalteke bedewleriniň mundan beýläk-de dünýäniň dürli künjeklerine ýaýradyljakdygyna ynanýaryn”. Dürli ugurlary öz içine alýan bu işler bilen baglylykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi uly ähmiýetli waka bolup durýar, Türkmenistanyň Baştutany bu guramanyň başlygydyr, ýurduň ähli welaýatlarynda täze atçylyk-sport toplumlarynyň ulanmaga berilmegi, halkara derejesinde ahalteke bedewleriniň arasynda gözellik bäsleşiginiň esaslandyrylmagy möhüm ähmiýetli wakalar bolup durýar.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow