Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda oba hojalyk toplumynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň okuw maslahaty açyldy
Jemgyýet
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda oba hojalyk toplumynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň okuw maslahaty açyldy
Çap edildi 01.05.2017
1943

Awazadaky “Daýanç” medeni-dynç alyş we sagaldyş merkeziniň maslahatlar zalynda kärdeşler arkalaşyklarynyň degişli işgärleri we hünärmenleri üçin okuw maslahaty başlandy. Ol Türkmenistanyň Obasenagat toplumynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň geňeşi tarapyndan guraldy. Maslahatyň işine 120 adam gatnaşdy. Okuw maslahatynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde Obasenagat toplumynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşiniň “Sagdynlyk, ruhubelentlik, dostluk!” şygary astynda umumy mejlisi geçirildi. Mugallymlar hökmünde okuw maslahatyna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň degişli bölümleriniň müdirleri, inspektorlary, Obasenagat toplumynyň ilkinji kärdeşler arkalaşyklar guramalarynyň ýolbaşçylary we utgaşdyryjylary çagyryldy. Hepdelik okuwlaryň maksatnamasyna ilkinji guramalaryň borçlaryny ýerine ýetirmek, ýygnaklary geçirmek, buhgalter hasabatlylygy we beýleki ugurlar bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Okuw maslahatynda zähmetkeşleriň hukuklaryny goramak meselesene aýratyn orun berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň maddalary, Zähmet kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar hem-de zähmet kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň aýratynlyklary beýan ediler. Okuw maslahatynyň gün tertibine kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärleriniň tejribe alyşmagy bilen baglanyşykly mesele hem girizildi. Kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy daýhan birleşikleriniň belli kärendeçileri oba zähmetkeşleriniň durmuşyndaky düýpli özgertmeler hem-de üstünlikler, ýurdumyzyň obasengat toplumynyň önümçilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmakda döwlet goldawy hem-de oba hojalyk önümleriniň eksportyny artdyrmakda kärdeşler arkalaşyklarynyň orny barada gürrüň bererler. Okuw maslahatynyň barşynda tebigata aýawly garamak, önümçiligiň ekologiýa howpsuzlygy, bedenterbiýäniň we sportuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we giňeltmek, zähmetkeşler toparlarynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan medeni- köpçülikleýin we sport çärelerini guramak hem-de geçirmek meselelerine hem garalar.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow