Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Goňşy Özbegistanyň çagalary Awaza dynç almaga geldiler
Jemgyýet
Goňşy Özbegistanyň çagalary Awaza dynç almaga geldiler
Çap edildi 15.05.2017
2081

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna dynç almak üçin Özbegistan Respublikasyndan gelen çagalaryň uly toparyny garşylamak dabarasy boldy. Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň, Özbegistanyň Zenanlar komitetiniň başlygy T.Narbaýewanyň ýolbaşçylygyndaky doganlyk döwletiň wekiliýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maý aýynyň başynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçiren telefon gepleşiginde teklip eden çakylygy boýunça geldi. Şonda milli Liderimiz Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenaryndaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, kottej toplumlarynyň we kaşaň myhmanhanalaryň Özbegistanyň okuwçylaryny dynç almak üçin kabul etmäge taýýardygyny belledi. Ine, şu gün bolsa goňşy ýurduň dürli sebitlerinden –Buharadan, Nowaýydan, Horezmden, Garagalpagystandan bolan çagalaryň 100-e golaýy “Daýanç” çagalar sagaldyş merkezine ýerleşdiler. Özbek okuwçylarynyň ýany bilen olaryň mugallymlaryndan başga-da, Özbegistan Respublikasynyň halk bilim, saglygy goraýyş ministrlikleriniň, milli teleradio kompaniýasynyň, “Tomoşa” çagalar teatrynyň wekilleri we beýlekiler geldiler. Awazanyň ýaş myhmanlaryna dynç alyş döwründe deňiz türkmen şypahanasy boýunça gyzykly gezelençler, aýdym-sazly we sport çäreleri garaşýar. Mysal üçin, ýeňil atletika we suwda ýüzmek boýunça ýaryşlar, şeýle hem döredijilik bäsleşikleri, ýaş bilermenleriň bäsleşigi, edebi agşamlar, ýörişler, gezelençler we beýlekiler garaşýar. Özbek okuwçylary Awazada 25-nji maýa çenli dynç alarlar. Ýurdumyzyň bilim, daşary işler, medeniýet ministrlikleri, Sport baradaky döwlet komiteti, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Balkan welaýatynyň häkimligi, TNGIZT çagalaryň kabul edilmegini we dynç almagyny guraýarlar.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow