Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Hytaý Halk Respublikasynyň Siýan şäherinde “Türkmenistan” Merkezi açyldy
Jemgyýet
Hytaý Halk Respublikasynyň Siýan şäherinde “Türkmenistan” Merkezi açyldy
Çap edildi 26.05.2017
2277

Hytaý Halk Respublikasynyň Siýan şäherindäki Nebitçilik uniwersitetiniň binýadynda “Türkmenistan” Merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Şensi welaýatynyň hökümetiniň we Siýan şäheriniň wekilleri, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň işgärleri, şeýle hem bu ýerde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Ýurdumyzyň ilçihanasynyň goldaw bermeginde “Türkmenistan” Merkezi ähli zerur maglumat serişdeleri, audio we wideo maglumatlary bilen doly üpjün edildi. Şeýle hem bu ýerde kiçi kitaphana döredilip, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen, iňlis we hytaý dillerinde neşir edilen kitaplary, türkmen nusgawy we çeper edebiýatynyň eserleri, döwurleýin neşirler, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeler hakynda gürrüň berýän surat albomlary goýuldy. Merkeziň açylyş dabarasyna gatnaşan köpsanly myhmanlar üçin Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň gýüzünde Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlary, milli Liderimiziň onuň senasyna öwrülen “Öňe, diňe öňe, jan Watanym-- Türkmenistan!” atly aýdymy hakynda ýörite wideofilm görkezildi. Açylyşy dabarasynyň çäklerinde Siýan uniwersitetiniň maslahatlar zalynda bu ýokary okuw mekdebiniň mugalymllarynyň, Şensi welaýatynyň halk magaryfy departamentiniň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk guraldy. Onda Türkmenistanyň we Siýan şäheriniň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilim we ylym ulgamy boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri babatda pikir alyşmalar boldy.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow