Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda 2017-2021-nji ýyllarda çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanylýar
Jemgyýet
Türkmenistanda 2017-2021-nji ýyllarda çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanylýar
Çap edildi 03.06.2017
2243

Döwletimiziň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek baradaky Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň guraýan duşuşygyna Mejlisiň, birnäçe ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, hukuk goraýjy düzümleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillleri gatnaşdylar. Bu gezekki mejlisiň gün tertibinde “Türkmenistanda 2017-2021-nji ýyllarda çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň” taslamasyny, şeýle hem “Türkmenistanda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça hukuk ulgamyny ösdürmek baradaky baş maksatnamasynyň” gutarnykly görnüşini taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Türkmen jemgyýetiniň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, şeýle hem BMG-niň çaganyň hukuklary hakynda Türkmenistanyň tassyk eden Konwensiýasynyň esaslaryna we kadalaryna eýermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalaryň dünýä inen pursatyndan kämillik ýaşyna ýetýän döwrüne çenli ýokary durmuş derejeleriniň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Çagalar sagdyn, bilimli we goragly bolanlarynda olar özleriniň ruhy, beden we paýhas mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmäge, jogapkärli raýatlar bolup ýetişmäge ukyplydyrlar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Mundan başga-da, Türkmenistanda “Çagalaryň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda” Kanun kabul edildi. Onuň düzgünleri ýurdumyzda halkara hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklykda durmuş we demokratik ýagdaýlaryň çuňluşdarylýandygyny beýan edýär. Kanun sagdyn gurşawyň, degişli terbiýäniň, çagalaryň işe çekilmeginden goraglylygynyň ýola goýulmagyna döwlet kepilliklerini üpjün edýär. Şeýle hem duşuşykda adam hukuklary boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek babatda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow