Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglar gowşuryldy
Jemgyýet
Ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglar gowşuryldy
Çap edildi 12.06.2017
2345

Aşgabatda Ylymlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler zalynda geçirildi. Intellektual bäsleşige ylmy-barlag institutlaryň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, orta okuw hünär mekdepleriniň okuwçylary ylmy gözleglere uly gyzyklanma bildirýän dürli hünärleriň wekilleri gatnaşdylar. Şu gezekki bäsleşige ýaş zehinleriň bir müňden gowragy gatnaşdy. Olar bilermenler toparynyň garamagyna häzirki döwrüň ylmynyň möhüm ugurlarynyň altysy boýunça işläp taýýarlamalary we barlag işleri hödürlediler. Bular nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary, täze serişdeleri öwrenmek, energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; habar beriş – aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary; innowasiýa ykdysadyýeti; ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlardyr. Ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, ylmy işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplary, Ylymlar akademiýasynyň doktorantlary we aspirantlary gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň arasynda şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde açylan “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylar hem bar. Eminler ýeňijileri kesgitlediler. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýaşlaryň ylmy bäsleşiginiň ýeňijilerine döwlet Baştutanymyzyň adyndan hormat diplomlary we gymmatly sowgatlar gowşuryldy. Uniwersitetiň eýwanynda ylym pudagynda we täze tehnologiýalar ulgamynda ýaş alymlaryň oňyn döredijilik gözleglerini äşgär edýän sergi guraldy. Onda kitaplar hem-de ylmy işleriň ýygyndylary, dürli gurnamalaryň we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamyndaky açyşlaryň, himiýa önümlerini öndürmegiň innowasion tehnologiýalary, Garagumuň çägesinden gurluşyk serişdelerini hem-de kremniý almagyň aýratynlyklary, Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ösýän ösümlikleriň esasynda dermanlyk serişdeleriň täze işläp taýýarlamalary görkezildi. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan taýýarlanan işleriň ýygyndysy bu milli aň-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileriniň döredijilikli gözlegleriniň gerimini görkezdi. Baýramçylygyň dabaraly bölegini ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň çykyşy jemledi.

Soňky habarlar
18.02
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.02
Türkmenistanda Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
17.02
Ýylyň şygary Watanymyzyň ösüşiniň hatyrasyna belent sepgitlere ruhlandyrýar
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
16.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
16.02
2025-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby sylaglanyldy
16.02
Aşgabatda ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog öz işine başlady
top-arrow