Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy mübärek Gadyr gijesi bilen gutlady
Jemgyýet
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy mübärek Gadyr gijesi bilen gutlady
Çap edildi 21.06.2017
2094

Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda örän köpöwüşginli we çuňňur pelsepä ýugrulan tämiz ahlaklylyk, päk wyždanlylyk, adamkärçilik, şükranalyk, birek-birege hormat we sarpa goýmak ýalydessurlary döredipdir--diýlip gutlag hatynda aýdylýar. Biz Beýik Ýaradan tarapyndan Gurhany Kerimiň ilkinji aýatlarynyň iberilip başlanan Gadyr gijesine hem mukaddesligiň, bereketliligiň we parahatçylygyň gijesi, ruhy tämizligi, päk ynanjy, ýokary ynsanperwerligi dabaralandyrýan sene hökmünde aýratyn hormat goýýarys. Halkymyzyň köpasyrlyk däplerine laýyklykda, bu mukaddes gijäniň hormatyna agzaçar sadakalary berlip, birek-birege hoş sözler aýdylyp, abadan we bagtyýar durmuş, ýurt abadançylygy arzuw edilýär, tarawa namazy okalyp, ýagşy doga-dilegler edilýär. Oraza aýynyň, şeýle hem mübärek Gadyr gijesiniň däpleri halkymyzyň milli ruhuna, rehimdarlyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk ýörelgelerine esaslanýar. Şolardan ugur alyp, mübärek Gadyr gijesiniň hatyrasyna biz iş kesilenleriň günäsini geçýäris,--diýlip gutlagda bellenilýär. Türkmenler diňe bir gündogar medeniýetine däl, eýsem, bütin adamzadyň ösüşine örän uly täsir eden yslam äleminiň ruhy we medeni gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna uly goşant goşan halk. Biz halkymyzyň däp-dessurlaryna, binýatlyk gymmatlyklaryna we ahlak kadalaryna, Abusagyt Abulhaýyr, Mahmyt Zamahşary, Jelaleddin Rumy, Muhammet Baýram han, Döwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp, Magtymguly Pyragy ýaly beýik akyldarlarymyzyň ynsanperwerlik, agzybirlik, haýyr-sahawatlylyk, ak ýüreklilik, lebzihalallyk, zähmetsöýerlik hakyndaky öwüt-ündewlerine beýik mukaddeslik hökmünde örän uly sarpa goýýarys. Halkymyzyň ruhy güýjüne, ykdysadyýetimiziň kuwwatly mümkinçiliklerine, deňsiz-taýsyz medeni mirasymyza daýanyp, Watanymyzy özgerdýäris, onuň şan-şöhratyny we halkara abraýyny has-da beýgeldýäris. Eziz Watanymyza ak ýürekli, yhlasly hyzmat etmek, özbaşdak ýurdumyzyň şöhratly geçmişine we şu gününe, häzirki üstünliklerine guwanmak, jemgyýetimiziň kämilleşmegine ýardam edýän milli däplerimizi mynasyp dowam etdirmek, halkymyzy beýik işlere hem-de ösüşlere galkyndyrmak biziň mukaddes borjumyzdyr,--diýlip döwlet baştutanynyň Gadyr gijesi mynasybetli gutlagynda aýdylýar.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow