Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Paýtagtymyzyň taksi ulaglary Aziada-2017-niň nyşanlaryna beslendi
Jemgyýet
Paýtagtymyzyň taksi ulaglary Aziada-2017-niň nyşanlaryna beslendi
Çap edildi 23.06.2017
1740

Uly sport baýramynyň –Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň – Aziada-2017-niň nyşanlary Aşgabadyň köçelerinde hereket edýän Koreýa Respublikasynda öndürilen, dünýä belli “Hyundai” kysymly ýeňil awtoulagy bolan taksileriň daşky keşbini bezedi. Türkmen paýtagtynyň ýollarynda özüni oňat taýdan görkezýän bu kysymly awtoulaglarda Aziadanyň nyşanlary – ahalteke bedewiniň şekili, aýdyň öwüşginli tumar hem-de enaýy Wepaly diýen alabaýyň şekili ýerleşdirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda Aziada-2017-niň nyşanlary bilen bezelen “Hyundai” “Aero City” kysymly awtobuslar (Koreýa Respublikasy) gatnawa çykdylar, olar diňe bir şäher däl-de, şäherara ugurlarynda hem giňden ulanylýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi netijesinde jemgyýetçilik ulagy sazlaşykly hereket edýär, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda öňde boljak Aziada-2017-de giňden peýdalanyljak awtoulag serişdeleriniň binýadyny giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň depgini artdyryldy. Awtoulag serişdeleriniň hyzmatlarynyň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, dürli kysymly, amatly awtoulaglary satyn almak barada birnäçe şertnama baglaşyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylda kabul eden Kararyna laýyklykda, «Hyundai» korporasiýasy bilen«Hyundai New Super Aero City» kysymly şäheriçi gatnawlar üçin awtobuslaryň496-syny, mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin niýetlenen «Hyundai New Super Aero City» kysymly awtobuslaryň 4-sini, şeýle hem olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we çykdajy serişdeleri satyn almak barada şertnama baglaşyldy. Bu awtobuslar eýýäm ýurdumyza gelip gowuşdy hem-de şäheriçi ýolagçy gatnawlarynda üstünlikli hereket edýär. Munadan başga-da, Türkmenistana eýýäm «Yutong ZK6122Н9» kysymly uly awtobuslaryň 40-sy, «Yutong ZK6729D» kysymly orta derejeli awtobuslaryň 50-si gelip gowuşdy. 2017-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň «Zhengzhou Yutong Bus Co., LTD» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama boýunça amatly awtoulaglar satyn alyndy. Şeýle hem, «Toyota Hiace» kysymly kiçi awtobuslaryň 50-sini, «Toyota Corolla» kysymly ýeňil awtoulaglaryň 200-sini hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we çykdajy serişdeleri satyn almak barada şertnama baglaşyldy. Oýunlaryň öň ýanynda türkmen paýtagtynyň awtomobil ýollary hem özgerdi. Iň köp gatnawly ýollar döwrebaplaşdyryldy, Köpzolakly täze awtoulag aýrytlary, ýerasty we ýarüsti pyýada geçelgeler guruldy.

Soňky habarlar
18.02
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.02
Türkmenistanda Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
17.02
Ýylyň şygary Watanymyzyň ösüşiniň hatyrasyna belent sepgitlere ruhlandyrýar
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
16.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
16.02
2025-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby sylaglanyldy
16.02
Aşgabatda ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog öz işine başlady
top-arrow