Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Milli kosmos agentligine täze ýolbaşçy bellendi
Jemgyýet
Türkmenistanyň Milli kosmos agentligine täze ýolbaşçy bellendi
Çap edildi 07.07.2017
1986

Alladurdy Ataýew pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň başlygy wezipesinden boşadyldy. Milli kosmos agentliginiň başlygy wezipesine Aşyr Garaýew bellendi. Ol Türkmenistanyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow A.Ataýewe agentligiň işini ýola goýmakda bitiren işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we ony “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi. Hormatly Prezidentimiziň Permanynda A.Ataýewiň ýurdumyzyň ykdysadyýetini, ylmy we tehnikany ösdürmekde, döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünlikleri, döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary hem-de yhlasly we göreldeli zähmet çekendigi bellenýär.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow