Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan — BMGÖM: adam hukuklary ulgamyndaky hyzmatdaşlyk
Jemgyýet
Türkmenistan — BMGÖM: adam hukuklary ulgamyndaky hyzmatdaşlyk
Çap edildi 17.07.2017
2170

Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky Wekilhanasynda “2016—2020-nji ýyllarda Türkmenistanda adam hukuklary baradaky hereketleriň milli meýilnamasynyň” durmuşa geçirilmegine bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk geçirildi. Oňa BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri, Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukuklary babatdaky halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek baradaky Pudagara toparyň iş toparynyň agzalary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, türkmenistanlylaryň bähbidiniň goralmagyna, olaryň syýasy, ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer hukuklarynyň we raýatlyk azatlyklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen demokratik özgertmeleri amala aşyrmak Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm konwensiýalaryny, şol sanda adam hukuklary baradaky çözgütlerini tassyklap, ýurdumyz bu resminamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça anyk çäreleri amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň ýörite Kararlary bilen “2016—2020-nji ýyllarda Türkmenistanda adam hukuklary baradaky hereketleriň milli meýilnamasy”, “2016—2018-nji ýyllarda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasy”, şeýle hem “2015—2020-nji ýyllarda Türkmenistanda gender deňeçerligini üpjün etmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasy” tassyklandy we olar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Geçen ýylda kabul edilen ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, adamlaryň we her bir raýatyň hukugynyň hem-de azatlygynyň döwlet goraglylygyna kepili üpjün etmek, olaryň döwlet häkimiýet guramalary, ýerli öz-özüňi dolandyryş guramalary we olaryň wezipeli adamlary tarapyndan ýerine ýetirilmegini hem-de oňa hormat goýulmagyny ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil bolup durýan Adalatçynyň wezipesi döredildi. Şunuň bilen baglylykda, Pudagara toparyň alyp barýan işjeň çäresi barada aýdyldy. Milli kanunçylyk we hukuk ulanyş tejribesini halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryna laýyk getirmek bu düzümiň işiniň esasy ugry bolup durýar. Duşuşyga gatnaşyjylar “2016—2020-nji ýyllarda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça hereketleriň milli meýilnamasynyň” durmuşa geçirilişiniň netijelerine bilermenleriň aýdan tekliplerini we belliklerini, şeýle hem häzirki zamanyň talaplaryna we halkara ülňülerine laýyklykda oňa gözegçilik etmegiň ulgamy boýunça işläp taýýarlamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa BMG we onuň düzümleýin bölümleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulýandygy bellenildi. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda milli synlary, çykyşlary taýýarlamak hem-de adam hukuklaryny goramak babatda dünýä tejribesini öwrenmek meseleleri boýunça okuw maslahatlaryny, duşuşyklary we geňeşmeleri geçirmek işlerini dowam etmek barada aýtdylar.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow