Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumyna baryp gördi
Jemgyýet
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumyna baryp gördi
Çap edildi 30.07.2017
1969

Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýekşenbe güni säher çagyny işjeň sport maşklaryna, atly gezelenç etmäge ýa-da ylgaw bilen meşgullanmak endigine eýerip, öz eý görýän Ruhubelent atlytaýçanagy bilen birnäçe wagt didarlaşdy. Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Ahalteke atçylyk toplumynda dünýäniň iň gowy bedewleri üçin ajaýyp şertler döredilipdir. Bu atçylyk merkezi Türkmenistanda tebigatyň täsin peşgeşi bolan bedewlere nähili söýgi-alada bilen çemeleşilýändiginiň subutnamasydyr. Bu ýerde behişdi bedewleriň tohum arassalygyny saklamak, olary kämilleşdirmek we naýbaşy bedewleriň baş sanyny artdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Bedewleriň bu tohumy deňi-taýy bolmadyk sungat eserleri bilen bir hatarda goýlup bilner. Ahalteke bedewleri atçylyk sportunyň görnüşleri boýunça ýaryşlarda, şol sanda Olimpiýa oýunlarynda diňe bir köpsanly rekordlary goýmak bilen çäklenmän, eýsem ençeme gezek halkara sergilerinde iň owadan bedew diýen ada eýe boldular.Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen atçylyk sportunyň konkur görnüşi “Aşgabat2017”Oýunlarynyň maksatnmasyna girizildi. Hakykatdan-da, bedewler gatnaşmazdanýurdumyza onlarça ýurtdan müňlerçe türgenleri we myhmanlary jemlejek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny göz öňüne getirmek mümkin däl. Ahalteke bedewi öňde boljak Oýunlaryň resmi nyşany bolmak bilen, täze döwrüň –işjeňligiň, döredijilik gujurynyň, ylhamyň, ruhy taýdan ýokary göterilişiň hem-de döredijiligiň ajaýyp güýjüni özünde jemleýär. Şol sebäpli hem Olimpiýa stadionynyň gümmeziniň depesinde seleňleýän bedewiň keşbi ahalteke tohumyna mahsus bolan aýratynlyklara eýedir, myhmanlaryň her biri ony synlap, bedewe goýulýan belent sarpa hem-de türkmenleriň özüniň bütin taryhynyň dowamynda bedewe nähili buýsanç bilen garandyklaryna göz ýetirip biler. Heniz gadymy döwürleriň ýyl ýazgylarynda “Behişdi bedewler” diýlip şahyrana atlandyrylan atlarymyz şatlykly hem dabaraly günlerde, agyr synag pursatlarynda hemişe ata-babalarymyzyň hemrasy bolupdyr. Asyrlaryň dowamynda bedew halk hakydasynda iň oňat arzuw-hyýallaryň, maksada okgunlylygyň hem-de ýeňşe erk-islegiň alamatyna öwrülipdir. Hut şu sebäpli hem häzirki wagtda ahalteke bedewi ýurdumyzyň aýdyň keşbi, onuň ösüşiň we abadançylygyň täze belentliklerine tarap okgunly hereketiniň alamaty hökmünde taryhy sahna çykdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewlerine bagyşlanan kitabynda türkmenleriň öz bedewlerine söýgi-sarpa bilen garandyklary, olary kämillik derejesine ýetirendikleri hem-de deňhukukly maşgala agzasy hökmünde görendikleri barada ýazýar. Ata-babalarymyzyň öz bedewini tüýs ýürekden söýendikleri, olary durmuşda maksada ýetmegiň esasy daýanjy hasaplandyklary, özlerini hem, meşhur behişdi bedewlerini hem edermen, batyrgaý we watançylyk ruhunda terbiýeländikleri aýdyň hakykatdyr. Taryhyň aýgytly pursatlarynda hut şeýle häsiýetler buýsançly hem-de edermen halklara we olaryň meşhur bedewlerine şöhrat getirdi... ... Ozal habar berlişi ýaly, Sagdynlyk we ruhubelentlik ýyly diýlip atlandyrylan 2017-nji ýylyň başynda bu atçylyk toplumynda taýçanajyk dünýä indi, hormatly Prezidentimiz oňa Ruhubelent diýip at berdi. Häzir taýçanagyň dogulanyna ýedi aýa golaý boldy, ol ösdi, özüni oňat duýýar, athanada bökjekläp oýnaýşy onuň ýagdaýynyň gowudygyndan habar berýär. Döwlet Baştutanymyz taýçanagy sypalady, ony özüne öwrenişdirdi, ynamly gatnaşyk ýola goýuldy. Ruhubelent özi bilen çyn ýürekden we mähirli didarlaşylýandygyny şol bada duýup, el hereketi bilen aňladylýan buýruklara, sesiň aýratynlygyna aňsatlyk bilen boýun boldy. Ýakyn wagtlarda bu taýçanak türkmen atçylyk sportunda, milli atşynaslykda mynasyp orun eýelär hem-de özüniň meşhur tohum ugrunyň dowam edilmegine goşant goşar, ahalteke bedewleriniň dünýä şöhradynyň artmagyna ýardam berer. Döwlet Baştutanymyz atçylyk toplumynda idedilýän özüniň eý görýän bedewleri bilen didarlaşyp, nesil ugruny meşhur bedewlerden alyp gaýdýan Gujurly atly bedewde gezelenç etdi. Türkmen bedewleriniň tapawutly aýratynlyklary hem-de häsiýeti çapuksuwardan diňe bir ýokary ussatlygy däl-de, eýsem, atyň inçe duýgularyna düşünmek ukybyny hem talap edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp çapyksuwarlyk başarnyklaryny görkezýär, Gujurly bolsa çeýe hereketi bilen seýkin basyp, atşynaslaryň we çapyksuwarlaryň arasynda “hançapuw” diýlip atlandyrylýan çapuwa buýsanç bilen başlaýar. Döwlet Baştutanymyz bedewde haýaljakdan öwrüm edip, bu ýeriniň tebigy ajaýyplyklaryny, gözelliklerini synlady. Soňky ýyllarda Ahalteke atçylyk toplumynyň çägi bagy-bossanlyga büreldi. Bu ýerde gök zolaklara edilýän ideg özboluşly gurşawyň emele gelmegini, bu künjegiň ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün etdi.Ynsan eli bilen döredilen tokaý zolaklary howa tämizligini emele getirýär, onuň kislorod bilen baýlaşmagyna, adamlaryň durmuş şrtleriniň has gowulanmagy hem-de olaryň saglygynyň berkidilmegi üçin şertleriň döredilmegine ýardam berýär. Türkmenistanda daşky gurşawy goramak meselelrine ilkinji derejeli üns berilýär. Ýurdumyzda tebigaty goramak, suw, ýer we biologiýa serişdelerinden rejeli peýdalanmak, biologiýa köpdürliligi hem-de tebigatyň asylky durkuny saklap galmak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça iri möçberli Milli tokaý maksatnamasy durmuşa geçirilýär, onuň çäklerinde köpçülikleýin ýaprakly, pürli, miweli we beýleki görnüşli agaç nahallary oturdylýar, Aşgabadyň töwereginde hem-de welaýatlarda tokaý-seýilgäh zolaklary döredilýär. Ahalteke bedewleri baradaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, atlary ýetişdirmek işleriniň tebigat bilen sazlaşykda alnyp barylýandygyny bellemek gerek, türkmenler köpasyrlyk halk speçgiçiligi bedewleriň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşdyryp ahalteke tohumyny ussatlyk bilen kämilleşdiripdirler. Altyn öwüşginli reňki, uzyn we inçe aýaklary hem-de boýny, çeýe bedeni, uçýan guş deýin ýeňil çapuwy we gaýduwsyzlygy tebigatyň bu bedewlere bagyş eden sazlaşygy hem-de atşynas - hünärmenlerimiziň döredijilikli, agzybir hem-de tutanýerli zähmetiniň netijesidir. Ýurdumyzda atşynaslaryň tutanýerli zähmetine mynasyp baha bermek maksady bilen “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” we “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly atlar esaslandyryldy. Türkmen halkynyň milli guwanjy, gözelligiň naýbaşy nusgasy bolan ýelden ýuwrik bedewleriň dünýä şöhratyny belende götermekde, atşynaslyk sungatyny kämilleşdirmekde we ösdürmekde, atçylyk pudagyny, şol sanda atçylyk sportuny ösdürmäge goşan aýratyn şahsy goşandy hem-de hyzmatlary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bu hormatly atlar dakyldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň tohum atçylygy örän uly seçgiçilik-genetika mümkinçiliklerine eýedir, täze ylmy usullar hem-de guramaçylyk çemeleşmeleri, öňdebaryjy dünýä tejribesi ornaşdyrylýar, atlaryň täsin genofondynyň aýawly saklanyljakdygyna we geljekki nesillere ajaýyp milli miras, ruhy we taryhy gymmatlykarhökmünde ýetiriljekdigine şühbe ýokdur. Häzirki döwürde dünýäniň dürli künjeklerinde atçylyk zawodlarynyň, bu pudagyň ylmy we okuw binýadynyň, atçylyk sport klublarynyň gaýtadan dikeldilmegine yzygiderli gyzyklanmabildirilýär. Bu babatda asyrlaryň dowamynda synagdan üstünlikli geçen türkmen atşynaslygynyň ýörelgeleri, atlara tälim bermegiň milli mekdebi hünärmenleriň ünsüni özüne çekýär. Sebäbi türkmenler adamzada halk seçgiçileriniň belent sungat eserine öwrülen ahalteke bedewini peşgeş bermek bilen çäklenmän, bu täsin bedewleriň gan arassalygyny we olaryň beýleki ajaýyp sypatlaryny saklamagy başardylar. Häzirki wagtda ýurdumyzda atşynaslygy ösdürmek, bedewleriň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýä şöhratyny has-da belende götermek boýunça uly işler alnyp barylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň göniden-göni gatnaşmagynda we başlangyjy boýunça Türkmenistan dürli derejeli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ahalteke atşynaslygy bilen meşgullanýan iri halkara guramalary, belli atşynaslar, bu ulgamyň hünärmenleri tohum atlaryny ýetişdirmegiň tejribesini öwrenmek üçin şöhratly bedewleriň watanyna yzygiderli ýagdaýda gelip görýärler. Ahalteke bedewleriniň şöhratynyň hiç haçan öçmejekdigini, olary iň bolmanda ýekeje gezek gören adamy özüne maýyl edip, barha belende göterilýändigini wagtyň özi tassyklady. Häzirki wagtda Türkmenistanda ählhalk söýgüsiniň münberine çykaryldy. Asyrlary we nesilleri baglanyşdyrýan, ýeňişleriň, zähmetiň, ylhamyň we döredijiligiň sazlaşygynyň beýanyna we ýurdumyzyň hakyky alamatyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowiň başlangyjy bilen geçirilýän yzygiderli çäreleriň netijesinde ýurdumyzda atçylyk sportuny höweslendirmek we ösürmek, degişli häzirkizaman düzümini kemala getirmek boýunça iri möçberli işler geçirilýär. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi häzirki wagtda döwlet syýasatynyň möhüm ugry, umumymilli bähbitleriň hem-de her bir raýatyň bähbidiniň üpjün edilmeginiň ileri tutulýan ulgamydyr. Hormatly Prezidentimiz Milli olimpiýa komitetiniň Başlygy bolmak bilen ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine ägirt uly goşandy üçin Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň ýokary sylagyna – Hormat ordenine mynasyp boldy. Sport – gujur-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň ýokary belentliklere okgunly hereketiň nyşany. Şol sebäpli hem Türkmenistanda sport we atçylyk sporty barha uly meşgurlyga eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz yzygiderli ýagdaýda dag eteklerinde atly gezelençleri amala aşyrýar ýa-da ýaşlaryň hem-de işjeň dynç almagyň tarapdarlarynyň arzyly künjegi bolan Saglyk ýoluna çykýar. Şu günki ir-säher çagy hem şeýle boldy, ony döwlet Baştutanymyz bedewler bilen görüşmäge bagyşlady. Milli Liderimiz atly gezelenji tamamlap, bedewini athana getirdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem bedewlere ideg etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nähili mähri bilen bedewlere garaýandygyny synlap, milli Liderimiziň tebigatyň bu ajaýyp gözelligine çäksiz sarpa goýýandygyna göz ýetirýärsiň. Şol sebäpli hem milli we dünýä medeniýetiniň gudraty – ahalteke bedewleriniňdünýä meşhurlygy barha belende göterilýär.

Soňky habarlar
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
17.11
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
17.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 811 müň dollaryndan gowrak boldy
16.11
Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy: gün tertibinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy
16.11
Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary bilen bardy
15.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy
top-arrow