Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýerewanda “Aşgabat 2017”-niň Oýunlary hakynda žurnal neşir edildi
Jemgyýet
Ýerewanda “Aşgabat 2017”-niň Oýunlary hakynda žurnal neşir edildi
Çap edildi 24.08.2017
2201

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan bezegli žurnal neşir edildi. Ýerewanyň “Tigran Mes” neşirýatynda iňlis dilinde çap edilen bu ýygyndyda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde “Aşgabat 2017”-niň Oýunlary hakynda çap edilen maglumatlar we giňişleýin makalalar ýerleşdirildi. Owadan suratlar we özboluşly bezeg serişdeleri bilen utgaşdyrylan bu makalalar bir bitewilikde okyjylara ýurdumyzyň AIMAG görnüşindäki halkara möçberli Oýunlaryň taryhynda görlüp-eşidilmedik ägirt uly sport baýramçylygyna görýän taýýarlygy barada düşünje almaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem okyjylar “Aşgabat 2017”-niň nyşany, onuň “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.” şygaryna eýerýän ýörelgesiniň ähmiýeti, Oýunlaryň esasy şekili-Alabaý, şeýle hem paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň baş stadionynyň esasy bezegine öwrülen hem-de ýakynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ahalteke bedewiniň çeper keşbi bilen ýakyndan tanşarlar. Aşgabatda bina edilen we diňe bir Aziýa ýaryşlaryna däl, eýsem ýaş nesilleriň sagdyn ösmeklerine we sport bilen yzygiderli meşgullanmaklaryna niýetlenen özboluşly binalar toplumy hakynda aýratyn makala ýerleşdirilipdir. Şeýle hem ýurdumyzyň ähli künjekleriniň ajaýyp ýerlerini we onuň çäklerinden daşyny gurşap alan ýörite taslamanyň çäklerinde dag belentliklerine çykyp, ýurdumyzyň baýdagyny hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanyny oturtmak çäresi hakynda makala ýerleşdirilipdir. Mundan başga-da, neşirde türkmen halkynyň medeniýeti we däp-dessurlary, Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy we halkara durmuşyna degişli, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň keşbini özgerden hem-de onuň abraýyny täze derejä çykaran oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegindäki başlangyçlarynyň ähmiýeti hakynda gürrüň berýän makalalar bar.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow