Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Gurban baýramynyň günleri iş güni däl diýlip yglan edildi
Jemgyýet
Gurban baýramynyň günleri iş güni däl diýlip yglan edildi
Çap edildi 25.08.2017
2195

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryny aýawly saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, Gurban baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gurban baýramynyň bellenilýän günleri bolan 2017-nji ýylyň 2-nji, 3-nji, 4-nji sentýabry iş güni däl diýilip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen 2017-nji ýylyň 3-sentabryndaky ýekşenbe güni 5-nji sentýabra—sişenbe gününe geçirildi. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalara we guramalara bu Permanyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek tabşyryldy.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow