Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
1-nji sentýabrda Aşgabatda täze mekdepler we ýokary okuw mekdebiniň binalary açylar
Jemgyýet
1-nji sentýabrda Aşgabatda täze mekdepler we ýokary okuw mekdebiniň binalary açylar
Çap edildi 25.08.2017
3551

Türkmenistan her ýylyň 1-nji sentýabrynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli baýarmçylyk çäreleriniň geçirilmegine taýýarlyk görýär. Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda dabaraly çäreler, ylmy-amaly maslahatlar, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar guralar. Ýola goýlan asylly däbe görä, gurluşygy tamamlanan birnäçe täze desgalaryň ulanmaga tabşyrylmagy bu baýramçylyga gabatlanyldy. Şol desgalaryň hatarynda Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň binalar toplumy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň hem-de Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň binalary bar. Şeýle hem täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Aşgabat şäherinde 3 sany 600 orunlyk, 2 sany 720 orunlyk, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda 500 orunlyk orta mekdepleri açylar.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow