Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda Gurban baýramy giňden bellenilýär
Jemgyýet
Türkmenistanda Gurban baýramy giňden bellenilýär
Çap edildi 02.09.2017
4623

Türkmenistanda Gurban baýramy bellenilip başlandy. Ol üç günüň dowamynda tutuş ýurdumyz boýunça giňden belleniler. Asylly däbe görä, baýramçylygyň birinji gününde irden paýtagtymyzyň we welaýatlaryň ähli metjitlerinde Baýram namazy okalýar. Bu nurana baýramçylyk mynasybetli adamlar hökmany suratda özleriniň ýakynlarynyňka, dostlarynyňka we goňşularynyňka myhmançylyga barýarlar, özleri hem myhmanlary kabul edýärler, sadaka berýärler, her bir öýde saçaklar giňden ýazylýar. Gurban baýramynyň hormatyna uly medeni maksatnama taýýarlanyldy. Hemme ýerlerde — paýtagtymyzyň we welaýatlaryň seýilgählerinde, medeni we dynç alyş merkezlerinde baýramçylyk çäreleri hem-de konsertler geçirilýär. Aýratyn hem baýramçylyk mynasybetli gurnalan beýik hiňňillikleriň ýany köp adamly bolýar. Olar Gurban baýramyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Hiňňillikler yslam dinine uýýan beýleki halklarda duş gelmeýär. Hiňňillikleriň golaýynda döredilen sahnalarda meşhur estrada aýdymçylary, folklor we tans toparlary konsert maksatnamalary bilen çykyş edýärler. Mukaddes Gurban baýramynyň öňüsyrasynda haj parzyny berjaý etmek üçin Türkmenistandan zyýaratçylaryň Mekgä we Medinä ugradylmagy döwletimiziň ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik we ruhy-ahlak däp-dessurlaryna ygrarlydygyna aýdyň şaýatlyk edýär, her bir millete, her bir halka zerur bolan umumadamzat medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklary we umumymilli mukaddeslikleri wagyz etmäge ýardam edýär.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow