Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: sport jemgyýeti jebisleşdirýän, adamlary beýik üstünliklere ruhlandyrýan güýçdür
Jemgyýet
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: sport jemgyýeti jebisleşdirýän, adamlary beýik üstünliklere ruhlandyrýan güýçdür
Çap edildi 07.09.2017
1863

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakyndaky taryhy çözgüdi Garaşsyz Watanymyzyň sport älemindäki abraýynyň has ýokary derejelere galýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oýunlaryň açylmagyna on gün galmagy mynasybetli şu gün geçirilen dabarada eden çykyşynda belledi. Sport jemgyýeti jebisleşdirýän, adamlary beýik üstünliklere ruhlandyrýan güýçdür diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Biz ýurdumyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmäge uly möçberlerde maýa goýumlaryny gönükdirýäris. Bu ugurda örän düýpli özgertmeleri, il-ýurt bähbitli möhüm işleri üstünlikli amala aşyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän köp sanly iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlarynyň, stadionlaryň we beýleki sport desgalarynyň bina edilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, gözel paýtagtymyz Aşgabatda umumy bahasy 5 milliard amerikan dollaryna barabar bolan, sebitde deňsiz-taýsyz döwrebap Olimpiýa şäherjigi guruldy. Geçirilen bu işleriň ählisi ata Watanymyzyň sport ulgamyny düýpli kämilleşdirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýäni giň gerimde ösdürmäge, aýratyn hem, halkara derejesinde ussat türgenleri taýýarlamaga doly mümkinçilik berýär. Nesip bolsa, biz ýene-de sanlyja günlerden Aziýanyň 45 ýurdy bilen bir hatarda, ilkinji gezek Okeaniýanyň 19 döwletiniň türgenleriniň, şeýle hem Bosgunlaryň sport toparynyň gatnaşjak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna dabaraly ýagdaýda badalga bereris. 2016-njy ýylyň 5-nji maýynda V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli ýurdumyzda deňi-taýy bolmadyk atly ýörişe badalga berdik. Bu Oýunlara 250 gün, 200 gün, 100 gün we 50 gün galmagy mynasybetli dabaraly çäreleri guradyk. Olimpiýa şäherjiginiň sport desgalarynda sambo, türkmen milli göreşi we guşakly göreş, agyr atletika, kik-boksing, jiu-jitsu, tennis, ýeňil atletika, basketbol, suwda ýüzmek ýaly sportuň görnüşleri boýunça halkara synag ýaryşlaryny hem ýokary derejede geçirdik. Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň hem-de sagdynlygyň gözbaşydyr. Ynsany belent sepgitlere ruhlandyrýan egsilmez güýçdür diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we biz geljekde hem ýurdumyzda sporty ösdürmek, ýaşlarymyzyň ruhy we beden mümkinçiliklerini sazlaşykly utgaşdyrmak, türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda örän şowly çykyş edip, zerur sport tejribesini toplamak meselelerine döwlet derejesinde möhüm ähmiýet bereris diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýurdy bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenlerine Oýunlarda öz başarnygyny we ussatlygyny, watançylygyny görkezip, iň köp sanly medala mynasyp bolmaklaryny arzuw etdi. Siziň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda uly üstünlikleri gazanmak bilen, ýurdumyzyň sport janköýerlerini begendirjekdigiňize berk ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňky habarlar
18.02
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.02
Türkmenistanda Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
17.02
Ýylyň şygary Watanymyzyň ösüşiniň hatyrasyna belent sepgitlere ruhlandyrýar
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
16.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
16.02
2025-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby sylaglanyldy
16.02
Aşgabatda ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog öz işine başlady
top-arrow