Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Zyýaratçylarymyz mukaddes yslamyň haj parzyny berjaý edip, Watanymyza gaýdyp geldiler
Jemgyýet
Zyýaratçylarymyz mukaddes yslamyň haj parzyny berjaý edip, Watanymyza gaýdyp geldiler
Çap edildi 09.09.2017
2064

Gurban baýramy günlerinde asylly dessury ýerine ýetirmek maksady bilen, Mekgä hem-de Medinä gidip, haj parzyny berjaý eden ildeşlerimiz Watanymyza sag-aman dolanyp geldiler. Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden ildeşlerimiziň 160 sanysy Saud Arabystany Patyşalygynda dünýäniň ähli künjeklerinden keramatly Käbä sežde etmäge gelen millionlarça zyýaratçylaryň hataryna goşuldylar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi bilen ""Türkmenhowaýollary"" gullugy türkmenistanlylar üçin ýörite howa uçuşyny gurady. Ildeşlerimiz Medinede Muhammet Pygamberiň we onuň egindeşleriniň aramgähine zyýarat etdiler, Mina jülgesine baryp, Arafat dagyna çykdylar, Mekgäniň ýanyndaky keramatly Zem-Zem çeşmesine, Al-Haram metjidine baryp, dessur bolşy ýaly, togap etdiler, mukaddes Käbäniň keramatly Gara daşynyň daşyndan aýlandylar. Şeýle hem ildeşlerimiz dünýäniň ähli musulmanlaryň ruhy paýtagtynda bolmagyň çäklerinde şäheriň metjitlerinde Alla sežde etmek çäresine gatnaşdylar. Diýarymyza sag-aman dolanyp gelensoňlar, zyýaratçylar Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidine baryp, bu ýerde degişli dessurlary ýerine ýetirdiler. Her bir musulman üçin wajyp hasaplanylýan haç parzyny berjaý etmek ugrunda döwlet tarapyndan berlen goldaw we mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow