Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy
Jemgyýet
Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy
Çap edildi 15.09.2017
6066

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy, şeýle hem şu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu resminama bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen tassyklandy. Bu Konsepsiýa maglumat bilim ulgamyny döretmäge we bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Bilim ministrliginiň garamagynda innowasiýa maglumat merkeziniň döredilmeginiň, şol ýerde-de elektron bilim gorlaryny özünde jemleýän merkezi serweriň ýerleşdirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenildi.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow