Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Döredijilik ruhy göterilişiniň baýraklary
Jemgyýet
Döredijilik ruhy göterilişiniň baýraklary
Çap edildi 08.10.2017
1971

Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly atlara mynasyp bolan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri bolan medeniýet we sungat işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy. Köp müňýyllyk taryhy, özboluşly medeni mirasy we milli gymmatlyklary bolan türkmen halky tutuş adamzadyň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň köpasyrlyk milli medeniýeti we däp-dessurlary täze many-mazmuna eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli medeniýetiň ösüşine aýratyn üns berýär. Medeniýet ulgamyny täze derejä çykarmak, ýaş nesilleri milli däplere laýyklykda ýokary ahlakly, köptaraply, zähmetsöýer we watansöýüji edip ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan işleriň möçberi söz bilen beýan ederden aňyrda. Häzir garaşsyzlyk döwrüniň beýik ruhuna laýyk gelýän hem-de halkyň isleg bildirýän täze döwrebap eserleri döretmek, dünýäniň halklaryny Watanymyzyň özygtyýarly ösüş ýolunda gazanýan ajaýyp üstünlikleri we ýeten derejesi bilen tanyşdyrmak möhüm wezipeleriň biridir. Mukamlar köşgüniň sahnasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat, döredijilik işgärlerine hormatly atlary dakmak hakyndaky Permany hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” umumymilli bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak hakyndaky Karary okaldy. Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň iň gowy wekillerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hormatly atlar dakylandygy baradaky degişli şahadatnamalar, şeýle hem her ýylda geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijilerine diplomlar we baýraklar gowşuryldy. Ýokary sylaglara mynasyp bolanlar öz zähmetlerine berlen baha, türkmen halkynyň ruhy mirasynyň galkynmagy hem-de baýlaşmagy ugrunda edýän yzygiderli aladasy, doly derejeli döredijilik işini alyp barmaga döredilýän amatly şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine güýç-gaýratlaryny, bilimini, tejribesini we ussatlyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Çykyş eden medeniýet işgärleriniň belleýişleri ýaly, olar bu sylagy diňe bir belent sarpa hökmünde däl, eýsem, ähli milletlerde umumadamzat bähbitli häsiýete eýe bolan sungatyň döredijilik we birleşdiriji ornunyň nobatdaky subutnamasy hökmünde kabul edýärler. Bu ýerde geçirilen dabaraly çäre ähli raýatlaryň netijeli işi, döwrebap durmuşy hem-de dynç alşy üçin mynasyp şertleriň döredilmegine, hemme başlangyçlaryň höweslendirilmegine we hünär taýdan ösüşe gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryny aýdyň görkezdi. Şeýle hem bu çäre umumy işe her bir adamyň zähmetiniň hem-de goşandynyň Watanymyz üçin wajypdygynyň subutnamasyna öwrüldi. Ine, biz bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ösüşinde täze belentliklere, syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, durmuş taýdan ösüşde hem-de Diýarymyzyň abadançylygynda beýik sepgitlere çykýarys. Hormatly atlara mynasyp bolan sungat işgärleri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrunda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda olaryň işine hemmetaraplaýyn goldaw we ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär we dünýä giňişliginde milli medeniýetimizi mynasyp beýan etmek bilen döredijilik ösüşini gazanmaga tagalla etjekdiklerine ynandyrylýar.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow