18.05
2018
Şu gün Döwletliler köşgünde baýramçylyk çäresi geçirildi. Onda bu ýerde terbiýelenýän çagalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hurmadan taýýarlanan nygmatlary sowgat aldylar.
18.05
2018
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi berkararlygyň we bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň hem-de rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan Milli baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
17.05
2018
Ählihalk baýramçylygy bolan ýurdumyzda bir bitewi dabara hökmünde ilkinji gezek bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli giň jemgyýetçiligiň, milli parlamentiň, ylym we döredijilik intelligensiýasynyň, zähmetkeşler toparlarynyň wekilleriniň, okuwçylaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda mowzuklaýyn maslahatlar geçýär.
16.05
2018
Paýtagtymyzyň “Grand Türkmen” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda “Aral deňzi sebitindäki ýurtlara ýardam etmek boýunça hereketleriň maksatnamasyny” (ADSM-4) işläp taýýarlamak boýunça Sebit işçi toparynyň birinji mejlisi geçirildi, ol Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna (AHHG) başlyklyk etmeginiň çäklerinde guralýar.
15.05
2018
Kaka etrabynda durky täzelenen durmuş maksatly desgalaryň birnäçesini ulanmaga bermek dabarasy boldy.
10.05
2018
Şu gün Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde täze ýaşaýyş jaý toplumynda öýlere göçüp baranlara açarlary gowşurmak dabarasy boldy.
09.05
2018
Şu gün Türkmenistanda adamzadyň parahatçylyga, dostluga, ynsanperwerlige we halklaryň jebisligine bolan telwasyny aňladýan 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi.
09.05
2018
Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHHG-nyň) Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan Halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak” maksatnamasynyň ýardam bermeginde guralan iki günlük duşuşyk Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we ösdürmek meselesine bagyşlandy.
09.05
2018
“Ylym — ösüşiň hereketlendiriji güýji” atly “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň ýardam bermeginde “Nebit-gaz” gazeti tarapyndan nebitgaz pudagyna degişli iň gowy ylmy-wagyz makalalaryny ýazmak boýunça döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi.
05.05
2018
Şu gün Milli sport we syýahatçylyk institutynda her ýyl geçirilýän “Türkmenistan –ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly çäräniň netijelerini jemlemek dabarasy boldy, bu çäre köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. Ony Sport we ýaşlar syýashaty ministrligi, şeýle hem ýurdumyzyň sport ugurly ýokary okuw mekdebi guradylar.