11.08
2015
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” atly eserler ýygyndysynyň nobatdaky 8-nji kitaby türkmen we rus dillerinde çapdan çykdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwi tarapyndan çapa taýýarlanan kitapda hronologiki tertipde döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn çykyşlary, ylmy makalalary, söhbetdeşlikleriň, gutlaglary ýerleşdirildi. Geçen ýyl täze haýran galdyryjy üstünliklere beslendi. Munuň özi milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň abadançylygynyň, döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
09.08
2015
Aşgabat, 9-njy awgust, /TDH/. Şu gün, awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde Türkmenistanda umumymilli baýramçylyk bolan Türkmen gawunynyň güni giňden we dabaraly bellenilip geçildi. Şanly senä bagyşlanan dabaralar paýtagtymyzda we welaýatlaryň teatrlarynyň sahnalarynda hem-de konsert meýdançalarynda guraldy.
06.08
2015
6-njy awgustda Türkmenistanyň Saýlaw ködeksine laýyklykda ähli saýlaw okruglarynda Geňeşleriň agzalaryny hem-de Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” we 8-nji “Dostluk” saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlaryny saýlamaga möhletinden öň ses bermek başlandy.
05.08
2015
Aşgabat, 5-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde ynsanperwer halkara hukuk şertnamalar ýygyndysynyň –türkmen diline terjime edilen Ženewa konwensiýalarynyň we oňa Goşmaça teswirnamalaryň tanyşdyryş çäresi boldy. Bu çäre Halkara Gyzyl haç komiteti we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň howandarlygynda geçirildi.
03.08
2015
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasaty, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini düýpli özgertdi.
03.08
2015
5.Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi
31.07
2015
Binagärlik döwletiň ykdysady ýagdaýynyň we jemgyýetde bolup geçýän durmuş-medeni ösüşleriň beýany bolup, ýurduň aýdyň keşbini kemala getirýär.
31.07
2015
Aşgabat, 31-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi boldy.
30.07
2015
Aşgabat, 30-njy iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň Geňeşleriň agzalarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” we 8-nji “Dostluk” saýlaw okruglarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan nobatdaky mejlisi geçirildi.
29.07
2015
4. Gazylyp alynýan peýdaly magdan känlerini özleşdirmek
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy ösdürmegiň, şol sanda halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlaryny senagatlaşdyrmak, Diýarymyzyň senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça öňde goýan möhüm wezipeleri eziz Watanymyzyň gazananlaryny berkitmegiň bähbidine öňdebaryjy dünýä tejribesiniň esasynda türkmen hünärmenlerini taýýarlamagyň zerurlygyny talap edýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 8-sini, şol sanda Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Gazylyp alynýan peýdaly magdan känlerini özleşdirmek” hünärini açmak hakyndaky çözgüdi hem şu maksada ýetilmegine hyzmat edýär.