Baş sahypa
\
Jemgyýet
Jemgyýet
16.10 2016
14-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygryndaky hukuklarynyň doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin 2017-2020-nji ýyllarda amala aşyrylmaly çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady.
13.10 2016
Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň “Syýahat” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamyna wekilçilik edýän neşir diňe okyjylarynyň köplügi bilen däl-de, eýsem geografik “hereketliligi” bilen hem tapawutlanýar.
01.09 2015
Aşgabat, 1-nji sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda IIM-niň Çagalar awtomobil şäherjigi ýaşlar üçin öz gapylaryny giňden açdy. Ol döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, şu gün badalga alan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň aýdyň wakalarynyň birine öwrüldi. Açylyş dabarasyna awtomobil sportunyň muşdaklary, aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary, hormatly ýaşulular we ýaşlar, şeýle hem bu ýerde ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenjek, awtomobil şäherjiginiň ýaş eýeleri bolan köpsanly çagalar gatnaşdylar.
27.08 2015
Elektroenergetika Ýakynda ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine kabul ediş möwsümi tamamlandy. 1-nji sentýabrda 15 müňden gowrak talyplar ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw jaýlaryna dolarlar.
26.08 2015
5. Aýnanyň we aýna kristallary materiallarynyň himiki tehnologiýasy
21.08 2015
Türkmen talyplary Eýran Yslam Respubilkasynyň Hemedan şäherinde geçirilen talyplaryň matematika boýunça 16-njy, himiýa boýunça 8-nji hem-de statistika boýunça 2-nji halkara bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler.
19.08 2015
Dogry bir aý mundan ozal, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni we “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasyebtli pýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda lukmançylyk ulgamynyň täzi iri desgalary gurlup ulanmaga berildi.
19.08 2015
Aşgabat,19-njy awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezii topar Geňeşleriň agzalygyna we iki saýlaw okrugy boýunça milli parlamentiň deputatlygyna geçirilen saýlawlaryň jemini yglan etdi. Saýlawlar 16-njy awgustda açyklyk we aýanlyk, giň bäsleşik esasynda geçirildi.
17.08 2015
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy maksatlaryny we wezipelerini düşündirmek we wagyz etmek maksady bilen döredilen, ýurdumyzyň daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekleýin, ylmy- amaly žurnalyň nobatdaky, ikinji sany çapdan çykdy.
15.08 2015
Aşgabat, 15-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň uly maslahatlar zalynda iş maslahaty geçirildi. Onda döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji awgustda geçiren giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipeleriniň çäklerinde ylmy-gumanitar pudagy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
170 sahypa
Soňky habarlar
18.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
18.02
Sanly ykdysadyýet — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti
18.02
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.02
Türkmenistanda Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady